Badamjanyň dünýä bazaryndaky dolanşygy ýarym milliard ABŞ dollaryna barabar

Photo by Pixabay

Badamjanyň watany Gündogar Aziýa - Hindistan we Birma​ hasaplanýar. Bu gök önüm bütin dünýäde gowy görlip we dürli ýurtlaryň aşhanasynda meşhur boldy, ony ter, doňdurylan, konserwirlenen görnüşinde iýýärler.

Badamjanyň dürli görnüşleri bolýar. Türkmenistanyň bazarynda iň köp ýaýrany “Sofýa​” - goýy gyrmyzy reňkli armyt görnüşleridir. Başgada sortlaryna duşsa bolýar.

Badamjanyň halkara söwda klassifikasiýasy gök önüm hasaplanýar. Onuň sebäbi hem sarp edijiler ony köp görnüşli naharlarda​ ulanýarlar. Emma botanikler, tersine, ony miwe hasaplaýarlar.

Badamjanyň önümçiligi

Hytaý, Hindistan, Müsür, Türkiýe, Eýran badamjan ösdürip ýetişdirmekde dünýä liderleri hasaplanýar. Hytaý bolsa diňe bir uly öndüriji bolman, eýsem uly sarp edijileriň biridir. Sarp etmek boýunça ikinji ýerde Hindistan, soňra Türkiýe gidýär.

Badamjanyň esasy öndürijileri Aziýa ýurtlary, emma Ortaýer deňzi aşhanasynyň meşhurlygynyň artmagy bilen, Günbatar Ýewropada onuň meşhurlygy artýar. Şol sebäpli ol, Norwegiýada​ we Polşada​ ýetişdirilip başlandy.

Badamjanyň eksporty

2019-njy ýylda badamjanyň dünýä eksporty ortaça 500 million ABŞ dollary töweregi boldy. 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende eksportunyň mukdary - 7,9 azaldy %.

Badamjan eksportuň mukdary 10 million ABŞ dollaryndan geçýär ýurtlar - Ispaniýa 174,4 million dollar, Gollandiýa​ 93,4 million dollar, Meksika 62 million dollar, ABŞ 26,7 million dollar, Hytaý 20,7 million dollar, Türkiýe 13,2 million dollary, Gonduras​ 12,5 million dollar, Belgiýa 12 million dollar, Eýran 10,3 million dollar. Köp ýurt bu önümi reeksport​ edýär.

Gök önümiň möhleti we saklanyşy howanyň çyglylygyna we temperaturasyna baglydyr. Giç ýetişen badamjanyň görnüşleri uzak möhletli saklamak üçin has amatlydyr. Howanyň çyglylygy ortaça 80 % bolmaly.

Eksport üçin, badamjanyň ýörite görnüşleri göz öňünde tutulýar - söwda görnüşi, bir görnüşde we ululykdaky bolan önümleri gaplara ýerleşdirilip, hilini tassyklaýan resminama bilen berkidilýär.

Bahasy gök önümleriň ululygyna we tagamyna baglydyr. Badamjanyň irki görnüşleri soňraky görnüşlerinden has gymmat bolýar.

Çeşme: worldstopexports.com