Kiçi telekeçilik – tebigy mesge ýagyny öndürmek

Photo by wa.de

Mesge ýagy - gündelik sarp edilýän iýmitleriň hataryna girýär, ol uly hem kiçi üçin peýdaly iýmit hasaplanýar. Umuman bazarda mesge ýagyna bolan isleg ýokary bolýar, bu önüm möwsümleýin önüm däl. Dükanlarda satylýan mesgeleriň aglaba bölegi zawod şertlerinde öndürilenlerdir.

Elin süýtden mesge ýagyny öndürmek örän gowy biznes ideýalaryň biri. Bu biznes ideýanyň oňyn bolan tarapy, önümde goşmaça konserwantlaryň we reňk berijileriň bolmazlygy onyň elin bolmagy. Bu usulda öndürilen önümiň özüne düşýän bahasy gala bolsada, oňa bazarda isleg elmydama ýeterlikdir.

Önümçiligi guramaklyk

Mesge ýagyny öý şertlerinde öndürmekligi özleşdirip bolýar, önümçilik prosesi üýtgeşik çylşyrymly däl. Önümçiligi öz howlyňyzda, kiçiräk hojalyk jaýynda hatda giňräk bolsa aşhanaňyzda hem gurnap bilersiňiz.

Bu görnüşdäki önümçiligiň iň bir wajyp meselesi, sanitar we gigiýena şertlerini doly berjaý edilmeginde. Biznesi hukuk taýdan doly resmileşdirmek bazarda uzak möhletde işlemäge we ulalmaga esas bolar.

Tehniki üpjünçilik

Kommunal şertler bilen üpjün edilen, önümçilik jaýyndan başga, size şular gerek bolar:

-öýde ulanmak üçin niýetlenen separator (süýtden gaýmagy aýyrmak üçin ulanylýan enjam);

- artykmaç bolan suwuklygy aýyrmak üçin mesge ýaýyjy enjam;

- gaýmak we gaýmagy alnan süýt üçin gap;

- taýyn önümi ýerleşdirmek üçin lançikler;

- sowadyjy;

Zerur bolan halatynda öýde ulanmak üçin niýetlenen pasterizator we wakuumly gaplaýyş mini enjamyny satyn almak mümkin. Bu işleri kimdir birinden kömek almazdan özbaşdak hem amala aşyryp bolýar. Emma iýmit inženerliginden başy çykýan maslahatçyňyz bolsa wagtyňyzy tygşytlarsyňyz.

Önümçilik esasy tapgyrlary

Işe başlamazdan ozal süýdi süzgüçden geçirmeli. Soňra süýdi 35-39 gradusa çenli gyzdyrmaly (süýt gyzanda şepbikligi azalýar we gaýmagyň sütden aýrylmagy tizleşýär) we separatoryň gabyna guýulýar.

Enjamyň agzyna süýtden bölüp aýrylan gaýmagy we gaýmagy aýrylan süýdi aýry-aýry guýmak üçin gaplar durmaly.

Indiki tapgyr – alnan gaýmagy pasterizleşdirmek, ýagny süýdi ýa-da gaýmagy az wagtlyk ýokary temperaturada gyzdyryp saklamak, şonda bakteriýalar ölýär hem-de ýaga tagam berýär, ýaramaz ysyny aýyrýar we ýaramlylyk möhletini köpeldýär.

Eger-de, öý şertlerinde ulanmak üçin niýetlenen pasterizator ýok bolsa, onda adaty pitini we ýörite termometri ulanyp hem bu işi amala aşyryp bolýar.

Gaýmak gyş aýlarynda ortaça 85-90 derejä çenli, tomus aýlarynda bolsa 90-95 derejä çenli gyzdyrylyp birnäçe sekund saklanandan soňra otdan aýrylýar. Sowandan soňra ol sowadyja ýerleşdirilip 4-8 derejä çenli sowadylýar.

Indi gaýmagy ýaýyp, ýag almak tapgyry başlanýar. Gaýmagy ýaýmak üçin, ýaýyjy enjama ýerleşdirilýär we ol ýerde ýagdaky suwuklygy aýyrma prosesi bolup geçýär. Muny elde gysmak arkaly ýa-da marliniň üstüne ýazmak arkaly hem amala aşyryp bolýar.

Emele gelen ýagyň reňki zawod mesgesi bilen deňeşdirseň agyrak bolýar, sebäbi zawod şertlerindäki mesgelere gözüňe ýakymly bolmasy üçin karotin diýlip atlandyrylýan reňk beriji goşýarlar.

Taýýarlanan mesgäni lançiklere salyp sowadyja ýerleşdirmeli. Mesge ýagyna ys siňegen bolýandygy sebäpli wakuumly gaplaýyş usuly önümiň ýaramlylyk möhletini artdyrýar.

Önümiň özüne düşýän gymmatyny kesgitlemek

Ortaça 5 kilogram taýýar önümi almak üçin takmynan 100 litr elin süýt (ýaglylygynada bagly) gerek bolýar. 1 litr süýdüň bahasyndan ugur alyp, 1 kg mesgäniň näçe manat boljagyny ortaça özüňiz hem hasaplap bilersiňiz.

Marketing

Marketing bu işiň möhüm bölegidir. Biziň zyýana galmazlygymyz üçin önümimizi ýerlemegiň ýollaryny gözlemeli.

Aşakda öz önümiňizi ýerlemek üçin ulanyp boljak käbir marketing ýörelgelerini hödürleýäris:

- Önümiňizi haýsy logotip bilen goýberjekdigiňizi we nähili at berjekdigiňizi kesgitläň. Mysal üçin “El mesge”, “Tagamly mesge”;

- Önümiňiziň üstün taraplary barada gürrüň berýän resmi saýt taýýarlaň;

- Harydy ähli ýerlerde mahabatlandyryň.