Maýa goýumyň pul akymyny hasaplamak ýa-da puluň häzirki we geljekki gymmaty barada 

Photo by Pixabay

Islendik bir haryt satyn alnanda iki sany şert bilen gabatlaşýarys: nagt töläp harydy arzanrak almak, ýa-da “garaşaryna” alyp köpräk tölemek.

Birinji ýagdaýda harydyň bahasy arzan bolýar, emma bir gezekde puluň hemmesini tölemeli, ikinji ýagdaýda harydyň bahasy gymmat, emma puluň hemmesini birden bermän tölegini belli bir wagta uzaldyp ondan utuş gazanýarsyňyz.

Haýsy şertiň siz üçin has amatlydygyny pikirlenip gördüňizmi?

Gündelik durmuşymyzda bu sorag biz üçin aktual bir mesele bolman biler, gürrüň iri möçberli maýa goýumlar barada gidende bu sorag uly ähmiýete eýe bolýar.

“Wagt pul” diýlen jümläni eşiden bolsaňyz gerek. Ykdysatçylaryň pikirine görä şu günki 1 manat bilen ertirki bir manadyň gymmaty deň däl, sebäbi ikisiniň arasynda wagt tapawudy bar.

Ykdysatçylaryň düşündirmegine görä, häzirki elimizde bar bolan 100 manat pul serişdämize, bir ýyldan soň, şü günki alyp biljek harydymyzdan hem köp haryt alyp bilýän bolsak puluň gymmaty artdy diýmek, tersine az haryt alyp bilýän bolsak puluň gymmaty peseldi diýmek.

Ykdysatçylar bu soragy çözmek üçin aňsat bolan formulany ulanýarlar

Puluň häzirki gymmaty PV bilen (iňl.Present value-häzirki gymmaty) we geljekki gymmaty FV bilen (iňl.Future Value-geljekki gymmaty) aňladýar.

Meselem siz bir banka 1000 manat puly bir ýyl möhlet bilen goýmak isleýärsiňiz. Bankyň size berjek göterimi bir ýyl üçin 5 göterim (r - bilen aňladylýar), 1000 manadyň bir ýyldan soňky gymmatyny FV=PV(1+r) formula bilen hasaplap göreliň.

Ýönekeýleşdirsek puluň geljekki gymmaty FV=1000*(1+0.05)=1050 bolardy.

Bu formula arkaly ýokarda belläp geçen soragymyzyň hem jogabyny tapyp bolýar. Ýagny, eger-de puluň geljekki gymmatyny bilýän bolsak, onda häzirki gymmatyny tapyp bileris: PV=FV/(1+r)

Meselem awtoulagyňyzyň bahasy 100 000 manat. Siz ony bir ýyldan soň puluny almak şerti bilen 120 000 manada satdyňyz. Aýdaly karzyň ortaça göterim derejesi 10% bolsun.

Şu ýagdaýda bir ýyl soňky 120 000 manadyň häzirki gymmatyny hasaplaly: PV=120 000 / (1+0,10) = 109 090,1 manat.

Muňa başgaça aýdanymyzda diskontirlemek hem diýilýär. Elbetde, uly möçberli pul goýumlary üçin has çylşyrymly formulalaryň ulanylýandygyny belläp geçmelidiris.