Gurluşyk ministrligi sungat merkezini gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Aşgabat şäherinde Köpugurly döredijilik we sungat merkeziniň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri aşakda görkezilen salgy boýunça 2020-nji ýylyň 28-nji oktýabryna çenli kabul edilýär.

Adres: Aşgabat ş. Arçabil şaýolunyň 84-nji j.Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirligi.

Habarlaşmak üçin telefonlar : 44-46-36, 44-46-64, 44-47-56.

Çeşme: metbugat.gov.tm