Öz sowadyňdan we ukyp-başarnygyňdan nädip pul geler ýaly etmeli 

Photo by behance.net

Ozal belläp geçişimiz ýaly, gazanç iki görnüşde bolýar, aktiw we passiw görnüşde, ýagny, birinji ýagdaýda siz öz zähmetiňizi we wagtyňyzy sarp edýärsiňiz, ikinji ýagdaýda bolsa köplenç maýa goýum bilen meşgul bolýarsyňyz, başgaça aýdanymyzda eliňizdäki maýaňyz size derek işleýär.

Bütin dünýäde bolup geçýän tehnologiki öňe gidişlikler esasynda diňe maýa goýum arkaly däl-de eýsem-de öz hünäriňiz ýa-da sowadyňyz arkaly passiw gazanç etmeklige mümkinçilikler döredi.

Eger-de okuw okamak, hünär öwrenmek üçin sarp edilen wagty we beýleki çykdajylary hem maýa goýum diýip hasap etsek, onda munuň üçin hem maýa goýum gerek bolýar.

Gürrüň bärde onlaýn görnüşde okuw sapaklaryny satmak barada edilýär. Haýsy ugurdan gowy baş çykarýan bolsaňyz, şol ugur boýunça okuw sapaklaryny ýerlemek mümkinçiligi bar.

Meselem, iň bolmanda rus dilinden gowy baş çykarýarsyňyz diýeli, rus dilini öýünden çykman onlaýn görnüşde öwrenmäge isleg bildirýän müňlerçe adam bar. Ýa-da bolmasa meselem gitara arkaly saz çalmakdan baş çykarýarsyňyz diýeli, dünýäde gitarada saz çalmagy öwrenmek isleýän müňlerçe adam bar we olar sizden şunuň ýaly sapaklary satyn almaga taýýar.

Elbetde her bir adama aýratynlykda sapak bermegiň zerurlygy ýok. Biziň bu makalada gürrüň edýän temamyz halkara tejribesinde köpden bäri ulanylýar. Oňa mysal hökmünde, “Udemy” atly internet okuwlaryny hödürleýän platforma bolup biler. Gowy baş çykarýan hünäriňiz ýa-da bilimiňiz boýunça wideo sapaklary taýýarlanyňyzdan soň bu platformada ýerleşdirip bilersiňiz.

Okuw sapaklaryny satmak isleýän adamlar kontentlerini (internede goýjak temasyny) elektron görnüşde bu platforma ýükleýärler we bahasyny kesgitleýärler. Bu okuw sapaklaryny satyn alan ulanyjylara degişli sapaklara onlaýn görnüşde tomaşa etmäge rugsat berilýär.

Bu internet okuw ulgamynyň abraýy ýokary bolandygy sebäpli onuň ulanyjylary gaty köp. Eger öz ugruňyzdan gowy baş çykarýan bolsaňyz we ýeterlik derejede peýdaly hem-de gyzykly kontent taýýarlap bilseňiz hökmany suratda diýen alyjy tapylar.

Şu ýerde bellemeli zatlaryň biri hem, taýýarlaýan okuw sapaklaryňyzy iňlis ýa-da rus we başgada bilýän diliňizde taýýarlasaňyz okuw sapaklaryny has kän adamlara hödürläp bilersiňiz. Eger-de çykaran sapaklaryňyz gowy görlüp satyn alynmaga başlansa, siz hatda dynç alyp otyrkaňyz hem pul gazanmaga dowam edersiňiz. Elbetde munuň üçin başda azrak zähmet siňdirmeli.