Hyzmat sektory - duzly gowak hyzmatyny guramak

Duzly gowagyň peýdasy barada aýtsak, ol dem alyş ýollary keselli adamlar üçin örän peýdaly hasaplanýar. Ionlaşdyrylan (otrisatel bölejikleri bilen doldurylan), mikroblardan we bakteriýalardan arassalanan howa bedene bejergi berýär. Duzly gowakda bolmaklyk, adamyň nerw ulgamyna oňyn täsir edýär we immunitetini gurplandyrýar.

Umuman duzly gowagyň bir seansy, dört gün deňizde bolmaklyk bilen deň hasaplanýar.

Biznesiň düşewüntlilik möhleti uzak möhletleýin hasaplanýar.

Duzly gowak biznesi kosmetologiýa topara däl-de, medisina topara degişli diýseň hem bolar. Şu nukdaýnazardan biznese başlanyňyzda, işe maslahatçy hökmünde bir sany terapewt almaklyk maslahat berilýär.

Duzly gowak, Awazadaky otellerde, şäher ýerlerinde, dynç alyş kurortlarynda meşhurlyk gazanmagy mümkin. Saglyk öýlerinde kärende ýerini alyp ýerleşdirilip bilner.

Bu işi amala aşyrmak üçin telekeçilik işini resmileşdirmeli. Saglygy goraýyş ulgamyna degişli ygtyýarly edaralar bilen hem işleşmek zerur bolmagy mümkin.

Surat: Türkmenistan, Aşgabat ş. Ýyldyz otelindäki duzly otag

Duzly gowagyň nämeden ybaratdygy barada gysgaça gürrüň edeliň. “Gowak” ýa-da galokamera – bu orta ölçegdäki bir otag bolup, diwarlary we ýeri deňiz duzyndan ýa-da arassalanan duzdan ýasalan kerpiçler bilen örtülýär. Otagyň howasy gury we çyg bolmaly däl. Galogenerator enjamy otagyň içine owunjak duz erginini sepeleýär. Netijede howada terapewt effekti emele gelýär. Müşderiler üçin otagyň içinde ýataklar goýulýar we täsirli bolmagy üçin otagyň içinde dürli reňkdäki yşyklar we aýdym-saz hem goýsaň bolar.