Biznesi maliýeleşdirmegiň usullary

Photo by Pixabay

Täze işe başlan kärhanalara köplenç erkin pul serişdeleri ýetmezçilik edýär. Önüm çykarmak prosesiniň meýilleşdirilen möhletinden uzaga çekmegi, önümçilikde göz öňünde tutulmadyk çykdajylaryň ýa-da kynçylyklaryň emele gelmegi, çig malyň bahalarynyň üýtgemegi we şoňa meňzeş birnäçe ýagdaýlar muňa sebäp bolup bilýär. Şunuň ýaly ýagdaýlarda biznese çykdajylaryny maliýeleşdirmek üçin goşmaça serişdeler gerek.

Maliýe serişdelerini çekmek üçin halkara tejribede ulanylýan ýollary we olaryň oňaýly hem-de oňaýsyz taraplary barada durup geçeliň. Olar iň ýönekeýinden başlap gitdigiçe çylşyrymlylaşýar..

Ýakyn gatnaşykdaky adamlaryňdan karz almak (maliýe kömegi) – oňyn tarapy: resmileşdirmek bilen baglanyşykly kynçylyk ýa-da çykdajy ýok, oňaýsyz tarapy – karza ukyplylygyňa ynandyrmak üçin öz biznesiň syrlaryny üçünji taraplar bilen paýlaşmaly.

Bank karzy – oňyn tarapy: eger biznes taslama karza ukyply bolsa pes göterim bilen we uzak möhlete karz alyp bolýar, oňaýsyz tarapy – karza ukyplylygyňyzy kagyz ýüzünde görkezmegi başarmaly we karzyň üpjünçiligi hakynda oýlanmaly.

Obligasiýa goýbermek (uly kärhanalar üçin) – oňyn tarapy: adygan kärhana bolsa arzan bahadan obligasiýa ýerleşdirmek arkaly maliýe serişdelerini uzak möhlete çekip bilýär, oňaýsyz tarapy: kärhananyň maliýe hasabatyny giň köpçülige ýetirmeli, obligasiýalary çykarmak we resmileşdirmek bilen baglanyşykly çykdajylary çekmeli we obligasiýalaryň nominal gymmatynyň peselme howpy bar.

Paýnama (aksiýa) goýbermek – oňyn tarapy: satylan paýnamalar boýunça diňe kärhana peýda gazananda diwidend tölemeli, oňaýsyz tarapy – gazanan peýdaňy beýleki paýdarlar bilen paýlaşmaly, ýagny, biznesiňe şärik edinmeli, maliýe hasabatlaryňy çap etmeli, paýnamanyň bazar bahasynyň peselme howpy bar.

Bu sanap geçenlerimizden başga-da biznesi maliýeleşdirmegiň häzirki zaman ýollary we usullary bar. Öz gezeginde ýokardaky sanalanlary hem öz içinde kiçi toparlara bölmek bolar, meselem paýnama goýberilende paýnamanyň dürli görnüşleri bolýar.

Her biznes öz aýratynlyklaryny zerurlyklaryny göz öňünde tutup maliýeleşdirmegiň bir ýa-da birnaçe usullaryny saýlap alyp biler.