Türkmenistanda internet dükanlaryň köpelmegi, internet marketinge bolan islegi artdyrar

Photo by Resplash

özişim.com// Türkmenistanda gitdigiçe maglumat tehnologiýalaryň ösmegi, täze kärleriň we hünärleriň peýda bolmagyna itergi berer. Internet ulgamynyň üsti bilen öz harytlaryny we hyzmatlaryny hödürleýänleriň sanynyň barha artmagy bilen internet dükanlaryň sany hem artar, bu bolsa satyjylaryň arasynda internet ulanyjylaryny öz web sahypalaryna çekmek ugrunda ýiti göreş alyp barmaga mejbur eder.

Ykdysadyýetde köplenç talap bar bolsa teklip hem döreýär. Şunuň ýaly bäsdeşlik elbetde marketing boýunça hünärmenleri, ýöne marketing hem däl, internet marketing boýunça hünärmenleri talap edýär.

Internet marketingiň adaty marketingden tapawudy harytlary we hyzmatlary ýerlemek boýunça alnyp barylýan çäreleriň bütinleý internet ulgamynyň üsti bilen alnyp barylmagyndadyr.

Internet marketingi birnäçe usulda alyp barmak mümkindir.

SMM (Social Media Marketing) – harytlar we hyzmatlar baradaky maglumatlary sosial medianyň üsti bilen köpçülige ýetirmek.

SEO (Search Engine Optimization) – internetdäki gözleg gurallarynyň üsti bilen ulanyjylary web sahypalaryňa gönükdirmek, belli bir haryt ýa-da hyzmat hakynda wideokontent ýasamak.

E-mail marketing – ulanyjylaryň elektron poçtalaryna awtomatlaşdyrylan usulda mahabat ýazgylaryny ugratmak ýaly ýene-de birnäçe görnüşleri bardyr.

Dünýä tejribesinde

Atly halkara internet dükanlarynyň köpüsinde, internet marketologlar üçin niýetlenen söwda meýdançalary bar, olara islendik kişi goşulyp bilýär. Şol meýdanlarda hasaba alnan internet marketologlaryň edýän mahabatlary hem-de gönükdirmeleri netijesinde şol dükanlardan kimdir biri haryt satyn alsa, harydyň bahasynyň ortaça 1-5 % marketologa tölenýär.

Marketolog diňe müşderi tapany üçin satyjynyň girdejisine şärik bolýar emma önümi öndürmek, saklamak, daşamak, eltip bermek we ýene birnäçe işleri ýerine ýetirmek boýunça hiç hili zähmet çekmeýär.

Internet marketing döredijilikli pikirlenmegi başarýan we internet ulgamyndan gowy baş çykarýan hem-de kompýuter sowatlylygy ýokary bolan frilanseleriň söýgüli käri bolup durýar.