Türkmenistanda düýeguşlary ýetişdirmek 

Photo by Resplash

Düýeguşlary ýetişdirmek - telekeçiler üçin ekzotiki biznesleriň biri bolmagy mümkin. Elbetde bu töwerekler üçin seýrek bolan bu guşy ýetişdirmegiň aýratyn tehnologiýasy we şertleri bar.

Bu guşy ýetişdirmeklik we saklamak boýunça tejribe, birnäçe düýeguşlary bolan Aşgabat şäherindäki, Janly tebigatyň milli muzeýinde bar. Düýeguş üçin gerekli iň esasy zatlaryň biri- biziň ýurdumyzda bol bolan gün we ýylylykdyr .

Bu guşuň ähli zady gymmatly we peýdaly hasaplanýar; berhizlik eti, ýelekleri, bahasy iň gymmat hasaplanýan derisi, dyrnaklary we ýumurtgasy (dyrnaklaryndan we ýumurtgasynyň gabygyndan suwenir ýasaýarlar).

Dünýä bazarynda düýeguşlaryň derisi gymmatly hasaplanýar.

Biznesi guramak

Ýer naçe uly boldugyça şonça-da peýdaly hasaplanýar. Işiň içinde bilermen maslahatçynyň we weterinaryň bolmagy önümçilikde kynçylyk döretmez.

Guşlaryň saklanjak ýerleri gyşyna aýratyn ýyly boljak we tomsuna giň meýdanly agyly göz öňünde tutulmaly. Agyllar ýagyşda aşagynda durar ýaly üsti bassyrmaly bolmaly. Ýene-de jüýjeler üçin hem ýerler göz öňünde tutulmaly. Başda guşlaryň jüýje görnüşi ýa-da ýetişen köpelmäge taýýar bolanlary hem bolup biler.

Öndürijilik

Düýe guşlaryň urkaçysy köplenç iki ýaşyndan ýumurtga guzlap başlaýar. Olaryň ýumurtga öndürjilik döwri 30 -40 gün hasaplanýar. Şol döwürde düýeguşlar 15 -20 ýumurtga çenli berýär. Beýle döwürler olarda ýylda 3 gezek bolýar. Käbir fermerler bu siklleriň ýylda 4 -5 gezege çenli barmasyny gazanyp bilýärler.

Düýeguşlar agramy boýunça 170 kg çenli baryp bilýärler. Olaryň ömri 50 -70 ýyl we şol sanda onuň ýumurtga berýän öndürjilik döwri 40 ýyl töweregi hasaplanýar.

Ideg etmeklik

Örän derwaýys meseleleriň bir, wagtly-wagtynda sanjymyny edip durmaklykdyr . Gündelik olaryň ýerleşýän keteklerini arassalap durmaklyk. Ketegiň içinde howalandyrma ulgamyny gurnamaklyk.

Önümi

Düýeguşyň ähli zady diýen ýaly satlykdyr ; ýumurtgasy, ýelekleri, derisi, ýagy we hatda dyrnagy. Düýeguşuň derisinden gymmat bahaly köwüşler we el torbalar ýasalýar. Eger çykdajylaryňyz azaldyp, önümiň özüne düşýän bahasyny peseldip bilseňiz, onda eksporty hem ýola goýup bilersiňiz.

Dünýä bazarynda düýeguşuň ýumurtgasynyň bahasynyň biri ortaça 10 -15 ABŞ-nyň dollaryna barabar, etiniň bir kilogramy bolsa ortaça 15 -20 ABŞ-nyň dollary möçberinde bahalandyrylýar.