Kola we Pepsiden ruhlanan iki talybyň öz işini açyşy

Photo by sockerbiten.org

Germaniýaly talyplar Mirko we Lorenz özleriniň kola kompaniýasyny döretmek barada karara gelýärler, ýöne - döretjek bolýan gazly içgisini nädip ýasamalydygy barada entek olaryň kellelerinde hiç hili pikir bolmadyk. Emma bu ýagdaý olaryň başlan işine böwet bolup bilmändir, olar bu bilen bagly gözleg işlerini geçirmäge başlapdyrlar.

Mirkonyň : “2003-nji ýyldy, nireden başlajagymyzy bilmän Google -dan "Kola reseptleri we ingredientler " diýip gözläp gördük. Gynansagam, bu soragda internetiň aýratyn bir kömegi degmedi” diýip gürrüň berýär. Indi bu ikisi iş meýilnamasynyň ikinji bölegine geçýärler.

Oglanlar täze ýasajak içgileriniň reseptini taýýarlamakda hem-de olary çüýşelere guýmakda kömek edip biljek hyzmatdaşy gözläp ýurduň içindäki telekeçileriň köpüsine jaň edip başlaýarlar.

Jaň edilýänlerden hiç hili netije bolmaýar, emma ruhdan gaçmadyk bu ýaş telekeçiler gözleglerini dowam edýärler. Netijede, ahyrynda biri “bolýar ýigitler geliň hany, bir zat ederis” diýýär.

Bu bolan wakadan soň, şol ýyl Mirco we Lorenz , öz çykaran Fritz -Kola önüminiň ilkinji 170 ýaşigini ýagny, 4080 çüýşesini satýarlar . Ilkinji nobatda önümlerini kiçiräk kafe-barlara ýerläp başladylar. Alyjy gözlemek üçin, kiçijik ýük awtoulagynda Gamburg şäheriniň ähli kafe-barlaryna aýlandylar.

Häzirki wagtda olaryň markasy, Germaniýanyň iň tanalýan markalarynyň biri boldy, nemes bazarynda 330ml göwrümli aýna çüýşeli icgileriň satylyşy boýunça Fritz -Kola, Coca -Cola dan soň ikinji ýerde dur.

2003-nji ýylda, Mirko we Lorenz öz ýüzleriniň suratyny önümiň logotipi hökmünde ulanyp başlaýarlar. Olaryň aýtmagyna görä, “Bu logotipi ulanmaklarynyň sebäbi, onuň iň arzan usul bolandygy üçin” diýip belleýärler. Logotipdäki ýüzleriň ak, reňksiz bolmagy - manysy logotipiň arzan bolmagy üçin edilen.

Mirko we Lorenz, abendblatt.de

Önümiň ady saýlananda, 40 sany atdan ybarat bolan soragnama bilen saýlandyklaryny we şol atlaryň içinde ýaýbaň nemes ady bolan “Fritz ” adynyň ýeňiji bolandygyny gürrüň berýärler.

Önümiň özi barada aýdylanda, tagamynyň Coca we Pepsi -den üýtgeşik tagamly bolmagyny isländiklerini , şol sebäpden şekeri az, limon suwunyň köpräk , kofeiniň bolsa beýlekilerden üç esse artyk goşandyklaryny belleýärler. 100ml Fritz -Kola düzüminde 25mg kofein, Coca -Cola düzüminde 10mg bar, Red -Bull düzüminde has hem köp 32mg bolýar.

Indi Fritz -Kola Ýewropanyň dürli künjeklerinde we dükanlarynda satylýar. Germaniýadan soň Gollandiýa , Polşa, Belgiýa we Awstriýa esasy bazarlar hasaplanýar. Häzirki wagtda “Fritz -Kola” bäş sany zawotda önýär .

17 ýyl mundan ozalky günlere ser salanymyzda, Mirko , olara başda hiç kimiň ynanmadygyny aýdýar. Adamlaryň we tanyş-bilişleriň “siz bu zatlara biderek wagt gidirýärsiňiz , ýer ýüzündäki iň uly markalar bilen bäsleşjek bolýarsyňyz" diýip böwet bolandyklaryny aýdýar. Emma bu iki dost “islendik böwet bizi has hem hyjuwlandyrýardy ” diýýärler.

Çeşme: bbc .com