Ýitgisizlik nokady - her bir telekeçiniň bilmeli zady

Photo by Resplash

Her bir telekeçi peýda gazanmak niýeti bilen işläp başlaýar, emma bir hakykat bar, açylan her bir iş işlän badyna peýda gazanmaga başlamaýar. Işe başlanyndan soň bolsa uzak wagtlap zyýanda işlemek hem her kime başartmaýar. Ykdysatçylar täze biznese başlaýanlara işini ýeňilleşdirmek we olaryň geljegi üçin meýilnama düzmelerinde ýeňillik boljak bir “nokady” hödürleýärler. Bu nokada “ýitgisizlik nokady” diýilýär.

Ýitgisizlik nokady näme

Ýönekeý sözler bilen aýdanymyzda, ýitgisizlik nokady – çykdajylary ýapyp zyýana galmazlyk üçin näme, näçe satmalydygyny görkezýän bir kesişme. Telekeçi bu nokady tapan ýagdaýynda, alyp barýan biznesinde edýän çykdajylaryny ýapmak üçin näçe haryt ýa-da hyzmat satmalydygy barada ortaça maglumaty bilýärler.

Şu nokada ýeten gününden soň, biznesiň peýda gazanma döwri başlanýar. Nokada näçe ir ýetilse, şonça-da bähbitli.

Ýitgisilzlik nokadyna näme täsir edip biler? Gysgaça aýtsak girdejiler ýagny harydyň we hyzmatyň ýerlenmegi, çykdajylaryň artmagy ýa-da kemelmegi, baha syýasatynyň alnyp barylmagy, marketing strategiýasy.

Mysal, siz erkek köýnekleri öndürýän Ç atly bir kompaniýa açdyňyz, Ç – nyň ýitgisizlik nokadyny tapjak bolalyň.

Kompaniýanyň çykarýan bir erkek köýneginiň satlyk bahasy ortaça 100 manat (baha diňe mysal üçin).

Ç kompaniýanyň her aýdaky edýän çykdajylarynyň sanawyny göreliň;

1 köýnek üçin edilýän çykdajy, ýagny önüm bilen gönümel bagly (çig maly we ş.m) çykdajylar – 80 manat

Bir aýdaky hökmany bolan, dowamly bolan çykdajylar (zähmet haky çykdajysy, ýer kärendesi, kommunal, amortizasiýa we ş.m) - 5200 manat

Formulasy: X = FC / (P-VC)

VC - 1 köýnegiň özüne düşýän gymmaty – 80 manat

Р – 1 köýnegiň satlyk bahasy – 100 manat

FC – bir aýdaky hökmany bolan dowamly çykdajylar – 5 200 manat

5200 / (100-80) = 260

Iň bir ýönekeý hasap boýunça, Ç kompaniýanyň aýlyk çykdajysyny ýapmak üçin iň pesi aýda 260 sany köýnek satmaly, ýagny ýitgisizlik nokady 260 sany köýnege deň gelýär.

Egerde netijäni pul möçberinde görmek isleýän, bolsak onda bir aýda satýan köýnek sanymyz hem-de çig mal üçin edilen çykdajynyň möçberi gerek bolýar.

Bu hasaplamalary durmuşa geçirilende görnüşi ýaly aňsat däl, makalanyň maksady bu barada umumy düşünje bermek. Ýitgisizlik nokadynyň artykmaç we kem taraplary hem bar, bu barada biz size indikide gürrüň bermäge çalyşarys.