Peýnir önümçiligi - muňa azyk sektorynda ýer bar

Photo by isorepublic

Türkmen halkynyň saçagynda süzme, çal, peýnir we gatyk önümleriň mydama bolmasy üçin, her bir maşgala iri şahly mallaryny hojalygyndan aýyrman gelipdir. Süýt-gatyk gadymdan bäri halanýan iýmit önümlerindendir. Peýnir önümçiligi barada gürrüň etsek, egerde tagamy mazaly bolan naýbaşy peýniri öndürip bilsek bazarda biziň peýnirimize orun tapyljakdygy mese-mälimdir.

Biznesi guramak

Önümçiligi gurnamak üçin 50-100 m2 bolan meýdan ýeterlik bolýar. Peýniriň doly taýýar bolmasy üçin wagtlaýyn saklamaga temperaturasy 4 dan 12ºC çenli derejeli bolan goşmaça otag zerurdyr. Otagyň diwarlary bolsa kafeller bilen örtülmelidir.

Işgär sany, önümçiligiň göwrümine bagly. Egerde peýnir işinden baş çykarmaýan bolsaňyz onda hökman bilermen almaklyk maslahat berilýär.

Peýnirler gaty, ýarymgaty, ýumşak, duzly bolan brynzalara we başga-da görnüşlere bölünýär. Ýasalyş usuly boýunça peýnirler malyň aşgazanyndan alnan ýörite fermentler bilen ýa-da ýörite bolan peýnir gönezligi ulanylyp taýýarlanýar.

Ortaça bu biznesiň düşewüntliligi işiň netijeliligine baglylykda ortaça 1 ýa-da 2 ýyldan soňra başlanyp bilner. Eger önümçiligi hil taýdan tiz tanadyp, marketingi ýola goýsaňyz onda düşewüntlilik has hem ir başlanar.

Peýniriň çig maly üçin diňe sygyr süýdi bolman, başgada öý haýwanlaryňky hem mümkindir. Emma iň amatlysy sygyr süýdi hasaplanýar. 100 litr süýtden ortaça 10 kg çenli gaty peýnir, 15-20 kg çenli ýarymgaty we ýumşak peýnir almaga mümkinçilik bar.

Önümçilikde önümiň esasy çig maly bolan süýtden başga-da, goşmaça ýörite gönezlikler we fermentler, duz we tagam berijiler, goýaldyjy we pakgardyjylar ulanylýar.

Peýnir önümçiligi üçin enjamlar

Iň gerekli bolan enjamlar: peýnir gaýnadyjy (syrowarka) enjam, süýt arassalaýjy (sterilizator), süýt seperatory, süzgüç, şerebe üçin göwrüm, şekil bermek üçin galyplar, durup ýetişmesi we saklanmasy üçin tekjeler, sowadyjy, gaplaýjy enjam (wakuumlaýjy bolsa gowy hasaplanýar) .

Önümçiligiň esasy tapgyrlary

Prosesiň başlamagy:

- Ilki başda süýt arassalanýar (sterilizator bilen);

- Soňra süýt ikä bölünýär, bir bölegi pasterizirlenýär - belli bir tempiraturada gyzdyrylýar, yzy bilen sowadylýar. Ikinji bölegi bolsa, 4 ºC derejä çenli sowadylýar.

- Sowadylan bölegine ferment (gönezlik) goşulýar – onuň möçberi 100 litr süýde 1 gram ferment tozy garylýar.

- Ferment tozy süýdi goýaldýar. Goýalan bölegi gaýnadyjy enjamda (syrowarkada) gaýnadylýar. Gaýnatma derejesi 28-36 ºC, wagty bolsa taýýarlanjak peýniriň görnüşine bagly 1-4 sagat aralygynda gaýnadylýar.

- Goýalan peýnir bölegi kesilen süýt böleginden saýlanyp alynýar we böleklenýär;

- Goýalan peýnir böleklerine galyplara salyp basyş berilýär;

- Peýniriň üsti şerebe bilen öllenýär;

- Peýnirleriň durup ýetişmesi üçin tekjelere salnyp ýörite otagda saklanýar.

“Peýnir biznesine” başlamazdan öňürti, bu ugurdaky ýokary bolan bäsleşige ünsüňizi çekmek isleýäris. Biznesiň esasy töwekgelçilikleriniň biri pes hilli çigmal ulanmaklyk, sebäbi harydyň hili, bäsdeş bolan önümlere görä pese düşer.

Töwekgelçiligiň öňüni almak üçin, çig mal bilen üpjün edijileri ygtybarly saýlap almagyňyz zerurdyr. Mundan başga-da peýnir tiz zaýalanýan önümdigi sebäpli, onuň ammarda saklanma möhletini hem sazlamagyňyz wajyp meseledir.