Ekobiznes – zir-zibilden nädip pul ýasalýar

Photo by chinadaily

Ykdysadyýetde sarp edilişiň artmagy, haryt dolanyşygy köpeltdi, haryt dolanyşygyň köpelmegi bolsa galyndy, zir-zibilleriň mukdaryny has hem artdyrdy. Netijede bu mesele dünýä jemgyýetçiligiň öňünde ekologiýa howpsuzlygy boýunça bir giden sorag döretdi. Dünýä tejribesinde bu dörän soraglary çözmekde elbetde telekeçiler hem öz goşantlaryny goşdular.

Telekeçiligiň taryhynda “howadan pul ýasamak” üçin kelle döwen adamlar az bolmadyk, emma biz bu gezek howadan dälde zir-zibilden pul ýasamaklyk barada gürrüň edeliň.

Galyndy hapalaryň toparlary

Galyndylar - hapalar gaýtadan ulanylmaýan, ýagny himiki galyndylara simap, floresan lampalar we ş.m;

30 ýyldan soň çüýreýän nebit senagatynyň galyndylary pokryşkalar we ş.m;

dargamak döwri 10 ýyl bolan galyndylar boýaglar, laklar, maşyn ýagy we ş.m;

gurluşyk galyndylary agaç, rezin we ş.m. bölünýärler.

Zir-zibili ýok etmegiň görnüşleri, ýagny bu hyzmatlary berýän kompaniýalaryň ulanýan usullary:

1) Kompostlamak - azyk senagaty, organiki galyndylar üçin amatly;

2) Galyndylary ýakmak - bu gaty bolan galyndylara degişli. Bu ýerde galyndylary sortlamaklygy ýokary derejede möhüm, sebäbi proses mahalynda zäherli gazlaryň çykmagy mümkin. Şonuň üçin bu usul ykdysady nukdaýnazardan gymmat hasaplanýar.

3) Ýer aşagynda ýerleşdirmek, bölünip berlen ýerlerde jaýlamak.

Zir-zibiliň soňky ykbaly

Galyndylaryň gaýtadan işlenmesi klassifikasiýa baglylykda amala aşyrylýar.

Kagyz we karton galyndylary ergin görnüşine öwürýärler, ýüzünde dörän köpükleri kagyz çykarýan zawodlara satylýar.

Aýna gaplar - reňk palitrasy we aýnanyň hili boýunça tertiplenýär. Çägä öwrülýänçä işlenýär. Geljekde santehnika we gurluşyk materiallary üçin çig mal bolup hyzmat edýär.

Agaç önümleriniň galyndylary gidrotermal usulda gaýtadan işlenýär we ýene-de agaç önümleri üçin ulanylýar.

Organiki galyndylar - bulara miweler, gök önümler, ders, dökün degişlidir. Köp ýurtda ýyladyş ulgamy üçin çig mal hökmünde giňden ulanylýar.

Plastmassa galyndylar – örän zäherli bolup, asyrlaryň dowamynda çüýreýär. Bu materialyň gaýtadan işlenmegi kagyzyňka meňzeýär we flex diýilýär. Plastmassa önümlerini öndürmek üçin ikinji derejeli çig mal bolup, önüm öndürijiler üçin arzan hasaplanýar we uly islegden peýdalanýar.

Biznesi guramak

“Zir-zibili gaýtadan işlemek” biznes ideýasynyň ady arzan bolup görünse-de, bu işi gurmak üçin uly möçberde maýa goýum gerek bolýar. Uly göwrümli enjamlar, uly ölçegde meýdan, köp sanly iş güýji, ýük awtoluglary nazara alsaň, bu biznes iri taslamalaryň hataryna girýär.