Düýe ýüňünden önümçiligi gurnamak

Photo by nat-geo.ru

Häzirki wagtda dünýäde köp önümçiliklerde, tebigy çig mallaryň ornuna emeli usulda ýasalan çig mallar has hem köp ulanylýar. Emma bazarda tebigy çig maldan öndürilen harytlara bolan isleg azalmaýar, ýylsaýyn ösýär. Bu gezek dürli dokma önümçiliginde ulanyp boljak düýe ýüňi ýaly tebigy materiallara siziň ünsüňizi çekmek isleýäris.

Düýe ýüňi

Düýe ýüňüniň peýdaly we üýtgeşik aýratynlyklaryny, beýleki haýwanlaryň ýüňi bilen deňeşdirmek mümkin däl. Türkmenistanda esasan düýeleriň bir örküçli görnüşi bolan Arwana tohumy ösdürilip ýetişdirilýär. Bu düýeleriň ýüňi hil we häsiýet taýdan gymmatly we öndürijiligi ýokary, şeýle hem sowuga garşy iň amatlysy hasaplanýar. Ortaça bir uly düýeden 2 - 4 kg çenli ýüň ýygnalýar. Ogşuk düýäniň ýüňi hil taýdan has inçe we ýumşak bolýar.

Ýüň diňe bir peýdaly bolman, eýsem estetiki taýdan hem gowy görünýär. Düýe ýüňüniň bazarda belli bir segmenti bolmaýar ol islendik ýaşdaky, ýagdaýdaky, geografiki ýerleşişi boýunça islendik kişä laýyk gelýär.

Çig malyň aýratynlyklary

Daşarky faktorlar barada aýdylanda, ýüňde mör-möjekler ýerlemeýär. Arassalamasy aňsat hasaplanýar. Tebigy gözellige eýe bolmak, beýleki haýwanlaryň ýüňünden birnäçe esse ýeňil bolýar.

Düýe ýüňünden önümler

Düýe ýüňüni her dürli önümleri öndürmek üçin ulanylyp bilner: ýapynjalar, dürli görnüşli odeýallar we ýorganlar, ýassyk we ýorgan üçin ýumşajyk düýe doldurgyçlary, termiki içki eşikler, ýeňsizler, kolgotkalar, guşaklar, dyzlyklar, joraplar, bokurdak ýakalary, aýakgaplar, torbalar, petekler, watin we başgada köp dürli önümleriň önümçiligini ýola goýup bolýar.

Hemişe bolşy ýaly marketing

Önümleriňiz üçin özboluşly logotip dörediň. Şäheriňizde, tutuş ýurtda, hatda bütin dünýäde onlaýn söwda edip bilmegiňiz üçin internet dükany gurnaň.

Düýe türkmen halkynyň milli baýlygy hasaplanýar, şol sebäpli Türkmenistana gelýän syýahatçylara siziň internet dükanyňyzdan düýe ýüňünden öndürilen önümleri satyn almak üçin öňünden öz meýilnamalaryny düzmäge mümkinçilik berer.

Geljekde daşary ýurt bazarlaryny öwrenip, düýe ýüňünden öndürilen önümleriň eksportuny hem ýola goýup bolar.