Biznesde geljegi görüp bolýarmy

Photo by Respash

Dünýä tejribesinde köp telekeçiler biznesiň haýsy ugurlaryna maýa goýum goýmalydygy, haýsy harydy öndürmeli we hyzmaty hödürlemelidigi babatynda ýa-da umumy ykdysady işjeňlige täsir edýän möhüm strategiýalary göz öňünde tutmak üçin, maliýe çaklamalara bil baglaýarlar.

Ykdysady çaklama – geljekde bir ykdysady wakanyň bolup-bolmajagy, bahalaryň peselip -peselmejegi barada dürli usullar bilen geçirilen seljermeleriň netijesinde berilýän deslapky karardyr.

Bilermenleriň içinde, ykdysady çaklamalary peýdasyz ugurlaryň biri diýip hasaplaýanlar hem az däl. Onuň sebäbi, çaklamalaryň subýektiw häsiýete eýedigi sebäpli, çaklaýjynyň berýän çaklamasynyň haýsy ykdysady nazaryýete esaslanyp geçirendigine gaty bagly bolýar.

Bir ykdysatçynyň berýän çaklamasy başgasynyňkydan düýpli tapawutlanyp bilýär. Mysal üçin, biri bazarda pul möçberiniň artmagy bilen ilatyň aluw-satuw hereketleriniň tizleşýändigini belleýän bolsa, başga biri tersine pul möçberiniň köpelmegi ykdysadyýete zyýan diýip belleýär.

Maliýe çökgünligi bilen bagly çaklamalar

Maliýe bazarlaryna gatnaşyjylar - maliýe institutlaryň we işewürlik dünýäsiniň wekilleri ýyllaryň dowamynda aksiýalaryň, walýutalaryň, altynyň, nebitiň bahalarynyň üýtgeýşini çaklamak üçin köp dürli seljermeleri we usullary oýlap tapdylar, emma şu güne çenli, ertir bazaryň özüni nähili alyp barjakdygyna anyk hiç kim güwä geçip bilmeýär.

Maliýe krizisleri öwrenmekde ylmy işleri bilen tanalýan Hindistanly ykdysatçy, Halkara pul gaznasynyň analitigi Prakaşa Lunganiniň aýtmagyna görä, ykdysadyýetçiler, dünýä ykdysadyýetindäki soňky bolup geçen 150 resessiýanyň diňe 2 sanysyny çaklap bilipdirler.

Mümkin bolan çaklamalar

Ykdysadyýetde bazaryň özüni nähili alyp barjakdygy barada ykdysady teoriýanyň kanunlaryna esaslanyp çaklamak mümkin. Mysal üçin “isleg we teklip” kanunyna esaslanyp bir harydyň teklibiniň köpelip başlamagy bilen, onuň bahasynyň arzanlajakdygyny bilmek mümkin bolan bir çaklama. Çaklamalar gysga, bir ýyla çenli we uzak - bir ýyldan köp möhletli bolýar.

Geljek üçin çaklamany, geçmişde bolan wakalary seljerme arkaly hem ýerine ýetirýärler. Bu usulda olaryň ulanýan gurallary statistiki maglumatlar we matematiki formulalardyr​.

Elbetde bu usuldaky çaklamalar hem, suraty doly açmaýar​, emma telekeçilere maliýe strategiýany düzmäge mümkinçilik berýär.