Tatneft ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär

Şertnamanyň goşmaça Ylalaşygyna laýyklykda öz işini alyp barýan “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy Türkmenistanyň milli pulunda (manat) we/ýa-da amerikan dollarynda spesifikasiýa laýyklykda Kamaz we Baz kysymly awtoulaglara ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak boýunça tender yglan edýär.

Tendere gatnaşmak üçin “Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasynyň edarasyna ýüz tutup bilersiňiz:

bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezip ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarda hasaba alnan ýa-da şol ýerlerde bank hasaplary bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

haryt üçin spesifikasiýa almaly.

Tendere gatnaşmak boýunça teklipler 27.11.2020 senesine çenli sagat 18:00 cenli kabul edilýär.

Söwda teklipleri iki sany möhürlenen bukjada berilmeli.

Ýokarda görkezilen möhletden giç gelen teklipler kabul edilmez.

Bäsleşige gatnaşmagyň şertleri barada anyk maglumatlary we tender şertlerini almak aşakdaky salgy boýunça amala aşyrylýar:

Adres: Türkmenistan, Balkan welaýaty, Balkanabat ş., T.Satylowa köçesi, 59, Tatneft” JPJ-niň Türkmenistandaky şahamçasy.

Habarlaşmak üçin telefonlar: +993 222 64366.

e-mail: filial_turkmen@mail.ru

Çeşme: metbugat.gov.tm