Tüwi ösdürip ýetişdirmekde ördekleriň kömegi

Photo by agroday.com.ua

Dünýäde ekologiýa taýdan arassa iýmitlere bolan talaplaryň artmagy, iýmit öndürijileri bazaryň isleglerini kanagatlandyrmak üçin, dürli usullary barlap görmeli bolýar.

Fransiýaly daýhan Bernar Pužol , tüwi ösdürip ýetişdirmekde gadymdan galan ekerançylyk tejribesini dikeldipdir. Bu babatynda tüwini ekologiki taýdan arassa ösdürmek maksady bilen, mör - möjekleri öldürmek üçin himiki derman serişdeleri ulanmazdan, ördekleriň kömeginden peýdalanyp görüpdir.

Daýhan, guşlaryň ösüp duran tüwi bilen asla işi bolman, diňe zyýankeşler bilen haşal otlardan iýmitlenendiklerini we ördekleriň ekerançylykda ulanylýan emeli insektisidleriň ýerini çalyşmak ukybynyň bardygyny belleýär.

Başga peýdaly ýeri hem, ördekleriň ekin meýdanlarynda goýan dersleriniň hasabyna, dökün we dökün dökmek üçin tehniki enjamlaryň çykdajylary tygşytlanýar.

Ördekler barada aýtsak , suwly şaly meýdanlary olaryň iň gowy görýän ýaşaýyş şertleridir. Munuň hasabyna olar eýelerini ýumurtga bilen hem üpjün edýärler.

Çeşme: agroday.com.ua