Ýyladyşhana biznesi - möwsüm ýakynlaşdy

Photo by Mahmal agroproduct

Oba hojalygynda ýyladyşhana biznesi edilen çykdajylary iň tiz ödeýän ugurlaryň biri hasaplanýar. Düşewüntlik​ möhleti 2 ýyla çenli, möçberi iň pes 30 % çenli ýa-da ondan hem ýokary bolýar.

Ýyladyşhanada näme ýetişdirmek amatly

Bazaryň seljermesine garalsa, pomidor we hyýar, iň köp sarp edilýän ekinlerdir​. Hatda hyýary uzagrak möhletde saklamaga mümkinçilik hem bolýar.

Soňky ýyllarda ýyladyşhanada ýetişdirilen hasyllary, daşarky bazarlara eksport hem edilýär.

Ýyladyşhanada ýokary hasyllylygy üpjün etmekligiň esasy şertleri (Ýyladyşhana biznesiniň esasy düşünjeleri):

Ýyladyşhananyň içindäki, temperatura derejesi;

Şitilleriň​ ösmegi üçin gerekli mineral dökünler we olaryň möçberi;

Boý almak üçin gerekli temperatura derejesi;

Ýetişme​ möhletleri;

Howanyň we topragyň çyglylyk derejesi.

Agranomçylykdan​ we inženerçilikden​ başyňyz çykýan bolsa, onda wagtyňyz hem-de puluňyz tygşytlanar​.

Ýyladyşhananyň bahalary we görnüşleri

Ýyladyşhananyň bahasy onuň:

Göwrümine we şekiline;

Saýlanan materiallaryna;

Gurluşyk we gurnama işlerine;

Içinidäki​ inžener ulgamynyň gurnalyşyna bagly.

Eger-de ýyladyşhanada işgär işletmezden​, senagatdan​ taýýar görnüşini gurnamak isleýän bolsaňyz, onda meýdanyň möçberi uly bolmalydyr.

Önümleri satmaklyk​

Bu işde, bellemeli iň esasy işleriň biri, önümiň üznüksiz ýagdaýda ýerlenmesidir​. Sebäbi gök önümler gysga wagtda zaýalanmak we görnüşini ýitirmek bilen bolýarlar.

Önümi ýerläp boljak ýerleri agzap geçeliň:

Şäher ýerlerindäki bazarlar;

Lomaý söwda, bu görnüşdäki söwdanyň peýdaly tarapy, siziň wagtyňyz tygşytlanar​, emma bahasy bazar bahadan arzan bolar;

Gök önümleri täzeden işleýän, konserwirleýän​ önümçilikler;

Şäherde ýerleşen köpçülikleýin naharlanyş ýerler.

Maliýeleşdirme

Işiň göwrüminiň kiçi ýa-da uly bolmagyna garamazdan, hökmany ýagdaýda başlangyç maýa zerurdyr. Ilkinji hasyldan girdeji alynýança, bir gezeklik we dowamly boljak çykdajylar:

Ýeriň kärende çykdajysy;

Ýyladyşhanany gurnamak üçin çykdajy;

Ekin üçin ýöriteleşdirilen toprak satyn almak;

Şitilleri satyn almak;

Ýene-de işgärlere tölenmeli zähmet haky, harçlanan suw, gaz we elektroenergiýa üçin tölegler. Bu çykdajylaryň hemmesi başlangyç maýanyň hasabyna amala aşyrylmaly.

Dökün satyn almak;

Suw, gaz we elektroenergiýa ulgamyny gurnamak üçin.

Gaýry administratiw çykdajylar.