Dünýä meşhur işewürlerden​ bir näçe maslahatlar

Photo by washingtonpost

Üstünlik gazanan adamlar, bir bada beýle bolmadylar. Köp adamlaryň, başga bir adamda görýän meşhurlygy, baýlygy, karýerasy – wagt bilen bagly bolan, giden zähmet siňdirilen, ukusyz gijeleriň netijesidir.

Üstünlik gazanmak üçin her bir güni maksatlaryňyza​ ýakynlaşmak üçin bir pursat hökmünde ulanmaly bolýarys. Adam näçe köp üstünlik gazansa, şonça-da köp etjek bolýar, şonça-da maksadyna ýetmek isleýär.

Işewürlik​ dünýäsinde ýokary derejelere ýetenlerden​ maslahatlar.

Edil häzir, haýsydyr bir telekeçi öz işine başlamaklyk​ barada ikirjiňlenýär​ we “entek wagty däldigi” barada pikir edýär. Bir zada düşüniň,“amatly wagt” hiç haçan bolmaýar.

Kewin​ Plank​ “Under​ Armour​” atly meşhur sport egin-eşik markasynyň döredijisi.

Maňa mundan ozal gabat gelmedik ähli soraglardan baş alyp çykmagy öwrendim. Ösüş we rahatlyk ikisi birlikde bolmaýar.

Jinni​ Rometti​, IBM​ kompaniýany dolandyran ilkinji aýal.

Eger-de edýän işiň adamlaryň ýaşaýşyny gowulandyrýan bolsa, onda hakykatdanam ol işiň gymmaty bar.

Mark​ Sukerberg​, internet-tehnologiýalary pudagynyň iri telekeçisi.

Biznesi dolandyrmak diýmek, meseleleri üstünlikli çözmek diýmekdir. Meseleleri çözmek üçin bolsa adamlary diňlemek gerek.

Riçard Brenson​, Dürli ugurlar boýunça 400 töweregi kompaniýany öz içine alýan “Virgin​ Group​” korporasiýasyny​ esaslandyryjy.

Biznesde iň akylly çözgüt – ýokary hünärli işgärleri hakyna tutmakdyr. Kompaniýaňyza​ iş başarýan adamlary kabul etmek – üstünligiň 95 göterimini düzýär.

Braýan​ Treýsi​, onlarça dillere terjime edilen, biznes boýunça segsen töweregi kitaplarynyň awtory.

Özüňizi, hamala ýenede 500 ýyl ömrüňiz galan ýaly alyp barmany​ bes ediň.

Bill​ Geýts​, Windows operasion ulgamynyň döredijisi.

Näçe​ zähmetsöýer we ukyply bolsaňyz hem, käbir zatlaryň amala aşmagy üçin wagt gerek.

Uorren​ Baffet​, dünýädäki iň iri maýagoýumçylaryň biri.

Eger-de puluň azlyk edýän bolsa öz biznesiňe​ başla. Eger-de puluň hiç ýok bolsa - onda gyssagly öz biznesiňe​ başla, edil häziriň özünde!

Jon Rokfeller​, Standart Oil kompaniýanyň döredijisi.