Käşir dünýäde iň möhüm bolan on sany ekinleriň biri

Photo by Resplash

Käşir 4 müň ýyl bäri ösdürilip ýetişdirilýär, häzirki wagtda bu gök önümiň köp görnüşi ösdürilip ýetişdirildi. Käbir çeşmelere görä, käşiriň watany Owganystan hasaplanýar. Käşir dürli maksat bilen ulanylýar - dürli tagamlar taýýarlanýar, konserwirlenýär we mallary iýmitlendirilýär.

Käşir dünýädäki ykdysady taýdan iň möhüm bolan on sany ekinleriň hataryna girýär. 1997-nji ýyla çenli iň köp käşir ösdürýän Ýewropa hasaplanýardy , ondan soň Aziýa öňe çykyp başlady.

Dünýä möçberindäki önümçiliginiň ösüş depgini jemi ösümlik önümçiliginiň ösüşinden has ýokarydyr, käşir islendik gök önümlerden has köp ýetişdirilýär. Önümçiligiň köpelmegi hasylyň hasabyna däl-de, ekin meýdanlary giňeltmek arkaly alynýar.

Kiçijik ýerden ýokary hasyl almak üçin oba hojalygynyň usullaryny optimizirlemeli, iň oňat sortlaryny ösdürmeli we mehanizasiýany ýokarlandyrmaly.

Esasy mesele alnan hasyly ýitgisiz gorap saklamak we tiz ýerlemek. Käşir dünýäniň ähli ýurtlarynda ösdürilip ýetişdirilýändigi sebäpli beýleki ýurtlara eksport edilmeýär.

Käşiri saklamak

Bu gök önümi saklamaklyk kyn hasaplanýar, sebäbi ol çyglylygy aňsatlyk bilen ýitirýär, özüne ýörite mikroklimat talap edýär: 0,5-1 ° C we 95-98% çyglylyk.

Käşir sowuk ýerde birnäçe aýlap ýa-da gyşda türkmenleriň saklaýyş usullaryndan biri hökmünde ýere gömülip bilner. Ýuwulmadyk käşirleri, her gatlagyna gum sepeläp gömülýär.

Iri möçberdäki öndürijiler ýaramlylyk möhletini uzaldyp, duran satmak üçin häzirki zaman gök önüm saklanýan ammary gurýarlar.

Ýuwulan we gaplanan käşir has gymmat bolýar, käbirleri ony göni ekin meýdanlaryndan arzan bahadan satýarlar.