Trotuar plitkalaryň önümçiligi - gurluşyk islegi artdyrar

Photo by Turkmenportal

Hemmämiziň bilşimiz ýaly trotuar plitkalary - köçeleri, geçelgeleri, ýol-ýodalary, jaýlaryň töwereklerini düşemek üçin ulanylýar. Plitkalar suw, sement, çagyl ýa-da rezin ulanylyp ýasalýar. Munuň önümçilik tehnologiýasy örän ýeňil hasaplanýar.

Trotuar plitkalary her dürli materiallardan bolýar, emma - onuň beton görnüşi iň gowusy hasaplanýar. Beton plitkalaryň beýlekilerden tapawudy onuň agrama çydamlylygynda we ýönekeýligindedir.

Türkmenistanyň çäginde, aýratyn hem Aşgabat şäherinde alnyp barylýan uly möçberdäki arhitektura gurluşygy göz öňünde tutulsa, bu biznesiň şowly bolmasynyň ähtimallygy ýokarydyr.

Biznesi guramak

Elbetde önümçiligiň ýeri näçe giň bolsa gowy hasaplanýar, emma sehiň meýdany 150 m2 az bolmasa gowy. Temperaturasy iň pes 20°C derejede boljak guratmak üçin otag hökman göz öňünde tutulmalydyr. Tomus günleri daşarda tebigy usulda guratmak mümkin.

Plitkalary dürli şekilde we görnüşde çykarmaklyk maslahat berilýär. Ýene-de bir esasy göz öňünde tutulmaly zatlaryň biri, bu önümçilikde ulanyljak suwy gidirmek üçin drenaž ulgamyny gurnamaklyk.

Enjamlar we çigmallar

Plitkalary wibropress arkaly öndürmeklik üçin: betongaryjy, wibrostollar, galyplar (plastik ýa-da demir), beton üçin mineral garyndylar, reňkberijiler, bedre, pil we ownuk uşak esbaplar gerek bolýar.

Önümçiligiň esasy tapgyrlary

Galyplar taýýarlanýar we imulsol bilen ýaglanýar. Beton garyndy ýasalýar. Plitkany reňklemek üçin reňk berijiler we ýumşaklyk bermek üçin plastifikatorlar saýlanyp taýýarlanýar.

Troturar plitkalara wibrostolda gerekli şekili berip dykyzlandyrýarlar. Indiki tapgyr saklamaklyk tapgyry. Munuň üçin iň pesi 20 °C ýeterlikdir, näçe ýokary bolsa şonça tiz guraýar. Soňra plitkalary gyzgyn suwda 2-3 minut gyzdyrýarlar we önüm galypdan çykarylýar.

Önümler poddonlaryň üstüne düzülýär, gaplama lentasy bilen berkidilýär. Polietilen plýonka bilen ýapylyp, semendiň hiline baglylykda 1-7 sutka çenli saklanylýar. Bu proses gyş günleri has hem uzak bolmagy mümkin.

Plitkalary tiz guratmak üçin aşa emeli gyzgynlygy bermek zyýanly bolup biler.

Önümi ýerlemeklik

Önümi ýerlemeklik, elbetde siziň marketing ädimleriňize bagly. Munuň üçin siz, öz önümiňizi müşderilere tanatmaklyk çärelerini geçirmeli.