Startaper üçin niýetlenen 5 sany kitap

Photo by Resplash

Startap iňlisçede “startup”, başlamak täze açylýan biznes proýektler üçin ulanylýan adalga. Startaplar - taýýar bir biznes ideýa bolup, olary ösdürmek üçin maddy we başgada gerekli goldawlara mätäç bolan taslamalar hasaplanýar. Startapa bildirilýän esasy talaplaryň biri, ol bazarda analogy bolmadyk düýpgöter tapawutlanýan täjirçilik taslama bolmalydyr.

Öz gezeginde, täze ideýany orta çykaran adama startaper diýýärler. Bu güne çenli, startap bilen bagly köp kitaplar we makalalar ýazylan. Täze startaperler üçin peýdasy bolar diýen maksady göz öňümizde tutup, bu adalga bilen bagly tejribe toplan we köp zatlary başyndan geçiren birnäçe awtorlaryň kitabyny size tanyşdyrmagy makul bildik.

Gaý Kawasaki - “Startap”

Apple kompaniýasyny dünýä belli brende öwürmäge saldamly goşant goşan adam. Hiç kim tarapyndan tanalmaýan brendiň meşhurlyga ýetirilişi barada gürrüň berýär. Biznesde töwekgelçilikli ädimlere ruhlanmak we uly açyşlary amala aşyrmak we startapa başlamak isleýänlere peýdaly gollanma.

“Her bir işde esasy zat - başlamakdyr. Yatda saklaň: entek hiç kim meýilleşdirmek arkaly üstünlige ýeten däldir.” Kitapdan.

Jeýson Fraýd, Dewid Haýnemaýer Hensson – “Rework. Ýalňyş garaýyşlardan saplanan biznes”

Biznesi nädip döretmek we kämilleşdirmek bilen bagly maglumatlardan başga-da biznes barada nähili pikirlenmelidigi barada hem gymmatly düşünjeler berýär. Bu kitap okyjylaryň köpüsine öz maksadyna ýetmek üçin hereket etmäge we telekeçilikde üstünlige ýetmäge itergi berýär.

“Elmydama ideýadan köp zat ýok we ol gaty arzan. Esasy sorag siziň ony nähili durmuşa geçirjegiňiz.” Kitapdan

Piter Til. “Noldan birlige tarap”

Biznese nädip maýa goýumsyz başlap bolar diýip soraýan bolsaňyz bu kitap siziň üçin. Piter Til kitabynda biznesiň kynçylyklary barada bolup geçen gyzykly wakalaryň üsti bilen gürrüň berýär we dünýä belli PaýPal kompaniýasyny esaslandyrmaga gatnaşyşy hem-de beýleki tejribeleri barada gymmatly maglumatlary beýan edýär.

“Ähli üstünlikli kompaniýalar özüçe üstünlikli: olar birje, ýekeje soragyň çözgüdini tapyp monopoliýa bolmaga hukuk gazandylar. Şowsuz kompaniýalaryň bolsa ählisi birmeňzeş: olar bäsdeşlikden halas bolup bilmediler.” Kitapdan.

Erik Ris. “Noldan başlaýan biznes. Lean Startup usuly.”

Täze telekeçilik işine başlanlary gyzyklandyrýan temalar gozgalýar: näme üçin startaplaryň köpüsi şowsuzlyga uçraýar, biznesi haýsy usul bilen gurmaly we ş.m., esasy zat bolsa şowsuzlykdan gorkmazlyga çagyrýar.

“Eger-de siz şowsuzlyga uçramakdan gaça durýan bolsaňyz, onda hiç zat öwrenip bilmersiňiz.” Kitapdan.

Maýk Mikalowis. “Býujetsiz startap”

Ýazyjy kitabynda aňyňa oýuňa gelmejek biznes pikirler we düşünjeler barada gürrüň berýär. Şeýle-de, kompaniýa startap bolmakdan çykandan soň hem nädip işe sowaşmazlyk barada hem aýdyp geçýär. Durmuşda ulanyp boljak ýagdaýlar we geň wakalara höwes bildirýän bolsaňyz kitap siziň üçin.

“Size bir zat mümkin däl diýip aýdylanda siz elmydama oňa ters düşünmeli. Ýok, mümkin, we men öz ynanýan işimi durmuşa geçirip bilerin diýip pikir etmeli.” Kitapdan.