Gazna biržalary – puluň iň köp hereket edýän ýerleri

Photo by reuters.com

Fond biržasy ýa-da gazna biržasy- gymmatly kagyzlaryň alynýan we satylýan bazary. Biržalar fiziki görnüşli bir ýerde ýa-da elektron görnüşinde söwda platformasy hem bolup biler. Adatça adamlar gazna biržalary söwda meýdançasyndan ybarat bolan, birnäçe adamyň üýşüp söwdalaşýan keşbini göz öňüne getirseler hem, häzirki wagtda köp biržalar elektron söwdany ulanýarlar.

Maýadarlar biržalaryň real wagtdaky berýän baha maglumatlaryndan peýdalanyp, haýsydyr bir edaranyň çykaran gymmatly kagyzyny almalymy ýa-da almaly dälmi şu boýunça karar berýärler.

Kompaniýa öz aksiýalaryny bazara hödürlemek üçin, ilkinji köpçülikleýin teklipden (IPO, Initial Public Offering) soň biržada elýeterli bolýar. IPO Ilkinji köpçülikleýin teklibini, kompaniýa birinji bazar hökmünde birinji paýdarlara satandan soň, aksiýalar ikinji derejeli bazarda aýlanyp başlanýar olary satyp ýa-da satyn alyp bolýar.

Fond biržalary gerekmi

Fond biržalary - ykdysadyýetiň wekilleri bolup, söwdany ýeňilleşdirijiler we maglumaty ýaýradyjylar hökmünde çykyş edýär. Bazar ykdysadyýetinde fond biržalary kompaniýalara maýa ýygnamaga mümkinçilik berýär. Şu günki günde Türkmenistanda “Aşgabat Gazna Biržasy“ ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hereket edýär.

Biržalar, adamlara ellerinde bar bolan pullaryna edaralaryň aksiýalaryny satyn almaga we ondan bähbit gazanmaga mümkinçilik berýär. Bu diýmek, ulanylman ýatan süýşüintgiler ykdysady bähbit getirýär we ykdysadyýet effektiw ýagdaýa gelýär.

Dünýä belli Gazna biržalary

NYSE - Nýu-Ýork gazna biržasy (New York Stock Exchange)

1792-nji ýylda ABŞ-da esaslandyrylan dünýäniň iň uly gazna biržalaryndan biri. Bazar kapitalizasiýasy оnlarça trillion ABŞ dollardan geçýän bu biržada 4000 gowy edara-kärhanalaryň aksiýalary aýlanýar.

NASDAQ – gymmatly kagyzlaryň dillerleriniň awtomatizirlenen bahalarynyň milli asossiasiýasynyň gullugy (National Association of Securities Dealers Automated Quotation)

1971-nji ýylda ABŞ-da döredilen bu gazna biržasynda 3000 gowy kompaniýanyň aksiýalary aýlanýar. Esasy tehnologiýa bilen bagly kompaniýalar öz aksiýalaryny bu biržada satýarlar.

TSE/TYO – Tokio gazna biržasy

1878 – nji ýylda Ýaponiýada esaslandyrylan dünýäniň iň iri bu gazna biržasynda Honda, Mazda we Toýota ýaly uly kompaniýalaryň aksiýalary aýlanýar.

SEE – Şanhaý gazna biržasy (Shanghai Stock Exchange)

1990-njy ýyllarda Hytaýda döredilen bu birža, töleglerde esasy pul birligi hökmünde hytaý ýuani hasaplanýar soň ABŞ dollary ýöreýär.

LSE –London gazna biržasy (London Stock Exchange)

1801-nji ýyllarda Londonda esaslandyrylan bu birža, Ýewropanyň iň köne biržalaryndan biri hasaplanýar. Halkara kompaniýalaryň aglaba bölegi aksiýalaryny bu biržada ýerleýärler.

HKEX – Gonkong gazna biržasy (Hong Kong Stock Exchange)

1891-nji ýylda döredilen bu birža, görkezijileri boýunça dünýäde 6-njy ýerde durýar.

DB1 - Deutsche Börse AG

Bu birža Germaniýada 1992-nji ýylda döredilen. Dünýäniň köp sanly wekilhanalarynda, şahamçalarynda we ştab-kwartirasynda bu biržanyň 3200-den gowrak işgäri işleýär.

BSE – Bombeý gazna biržasy (Bombay Stock Exchange)

Indiýanyň iň gadymy gazna biržasy 1875-nji ýylda döredilen. XIX asyryň ortasynda 22 sany dellaldan ybarat bir topar bir agajyň aşagynda gymmatly kagyzlaryň söwdasyny edip başlaýar. Ol agaç häzir hem şol ýerde ösüp dur.