Hajathana kagyzynyň önümçiligi - iň köp isleg bildirilen haryt 

Photo by Ferra

Döwrebap dünýäde hajathana kagyzy ilkinji zerurlyklaryň biri hasaplanýar we bazarda mydama uly islegden peýdalanýar. 2020-nji ýylda hajathana dünýäde iň köp öndürilen we satylan harytlaryň hataryna girdi diýip belleseň hem bolar. Bütin ýer ýüzünde, şol sanda hem Türkmenistanda, hajathana önümçiligi hiç haçan togtamajak we bazardan çykarylmajak biznesleriň biridir.

Hajathana kagyzyny makulaturadan, ýagny kagyz galyndylaryndan öndürmeklik has düşewüntli hasaplanýar. Çig maly ýygnamak üçin bolsa, dürli ýerlerde ilatdan satyn alýan makulatara kabul ediş nokatlaryny gurnamak. Şonuň bilen baglylykda önümçiligiň harajady ep-esli derejede azalar. Şu nukdaý nazardan seretseň önümçiligi bütinleý diýen ýaly ýerli çig mal bilen işledip bolýar.

Önümçiligi çigmalyň taýýar bolan görnüşi bolan, saralan kagyzlary gerekli ölçeglerde kesip gurnamak mümkinçiligi hem bar, emma bu ýagdaýda çig mal meselesinde importa bagly bolup bileris.

Önümçilik meýdany

Önümçiligiň guraljak meýdany 150 m2 az bolmaly däl. Ony üç bölege bölmeli: önüm öndüriljek ýer, çig mal we taýýar önüm üçin ammar jaýy. Enjamlaryň we işgärleriň sazlaşykly işlemegi üçin ähli şertleri doly üpjün etmeli.

Ýönekeýleşdirilen önümçiligiň esasy tapgyrlary

Makulatura ilki bilen hapadan arassalanýar, soňra owradylýar we suw bilen garylýar. Emele gelen garyndyny arassalamak üçin elekden geçirilýär. Soňra bu garyndy ýuwup arassalamak üçin niýetlenen gaba gönükdirilýär.

Garyndynyň ýuwlup arassalanylyşy hajathana kagyzynyň hiline täsir edýär – garyndy näçe köp arassalansa, şonça-da reňki agarýar.

Suw kagyz massasy gabyň içine we ol ýerden konsentrasiýa sazlaýjysyna gönükdirilýär. Deň möçberde elekli barabana goýberilýär, kagyzlar barabana ýapyşýar we şol ýerde hem suwdan arassalanýar. Barabanyň ýüzünden akan suw munuň üçin niýetlenilen gaba akýar (we önümçilikde gaýtadan peýdalanyp bolýar). Barabana ýelmeşen kagyzlar ondan gauç-wal diýip atlandyrylýan wal arkaly aýrylýar. Suwdan saplanan garyndy kagyz gauç-walyň ýüzünden, aýlanýan barabanyň üsti bilen aýrylýar. Barabandaky garyndy guradylýar we munuň üçin niýetlenen pyçak bilen aýrylýar. Emele gelen kagyz lentalar bobinalaryň daşyna saralýar.

Mundan soňra emele gelen kagyzlar sargy mehanizmine geçirilýär. Iň soňunda bobinalar hajathana kagyzynyň bellenilen ölçegler boýunça kesilýär.

Önümçiligiň düşewüntliligini alanyňda iň pes 15 göterim ýa-da ondan hem köp bolup biler. Şundan ugur alanymyzda, önümçiligi guramak üçin amala aşyrylan maýa goýum çykdajylarynyň öwezini dolmak üçin iki ýyl çemesi wagt gerek bolýar.