Ofis işgärleriniň işini ýeňilleşdirjek web-saýtlar

Photo by Pixabay

Häzirki wagtda, Türkmenistanda iş ýerlerinde internet bolmaýan ofis işgärleri ýok bolsa gerek. Her dürli ugurlarda işleýän işgärler üçin, belki olaryň işine gabat geler diýen umyt bilen bir näçe professioanal saýtlary hödürlemegi makul bildik.

www.exceltable.com

Eksel tablisalary bilen işleýänler üçin ýa-da eksel programma üpjünçiligini öwrenmek isleýänler üçin iň peýdaly websaýtlaryň biri. Hasabatlary düzmek, grafikalary we diagrammalary emele getirmek, dürli formulalary düzmek we mysallary çözmek barada gyzykly materiallar bar.

www.grammarly.com

Iňlis dilinde sapak berýän ýa-da terjimeçilik we şuňa meňzeş işler bilen meşgullanýanlar üçin niýetlenen platforma. Mugt we tölegli görnüşde ulanyp bolýar. Esasy aýratynlygy iňlis dilinde ýazylýan sözlemleri dogry düzmäge we ýazmaga ýardam berýändigindedir.

www.speechpad.ru

Kompýuterde ýazmaga endik etmedik ýa-da dürli sebäplere göre klawiaturasyz ýazmak isleýän adamlar üçin niýetlenen. Kompýuteriň mikrofonyna gürläniňizde ýa-da audio we wideo faýllary ýazga geçirmäge kömek berýär. şeýlelik bilen uly möçberli audio we wideoýazgylary aňsatlyk bilen hata geçirmek mümkin.

www.canva.com

Dürli çykyşlary, hasabatlary we beýleki görnüşli materiallaryň grafiki dizaýn işlerini ýeňilleşdirýär. Websaýty ulanyjylar şol maksatlar üçin ozal düzülen dürli şekilli görnüşlere öz isleglerine laýyklykda üýtgeşiklik girizip bilýärler we şeýlelik bilen dizaýndan başy çykmaýanlar hem öz kontentlerini özbaşdak emele getirip bilýärler

www.tilda.cc

Web saýt düzmeklige ýardam berýär. Ozal taýynlanan mysaly görnüşli websaýtlary üýtgedip gurup aňsatlyk bilen täze web saýt düzýärsiňiz. Web saýtyň oňaýly tarapy wideoşekilli sapaklar arkaly nädip websaýt döretmekligi hem öwredýär.

www.coursera.org

Täze hünär edinmek ýa-da haýsy hem bolsa bir ugurdan bilimini artdyrmak isleýänlere niýetlenen wideoşekilli okuw sapaklary ýerleşdirilendir. Okuwlaryň mugt we tölegli görnüşleri bar bolup, käbiri okuw sapaklaryny tamamlandygy barada şahadatnama hem berýär.

www.klava.org

Belli bir tekstleri tiz wagtda elektron görnüşe geçirmek üçin çalt ýazmak möhümdir. Bu websaýtda klawiatura seretmezden komýuterde hat ýazmak ukybyny türgenleşdirýär.

www.airbnb.com

Iş üsti bilen ýa-da başga sebäpler bilen dürli ýurtlara we ýerlere syýahata gitmeli bolan adamlar üçin peýdaly bolup durýar. Bu saýtyň üsti bilen dünýäniň islendik ýerinde diýen ýaly ýaşaýyş jaý tapmak mümkinçiligi bar. Esasan bir ýurda ilkinji gezek syýahata gidilende ulanylmaga has ýaramlydyr.