Näme üçin Türkmenistanda ýyladyşhana biznesi amatly

Photo by business.com.tm

Türkmenistanyň klimaty, özboluşly ýagtylyga we ýylylyga eýedir. Ýylyň dowamynda ortaça 10 -20 gün aýazly howa bolup, 230 -270 gaty sowuk bolmaýar. Gyş möwsüminiň temperaturasy​ bolsa, ortaça +8 -9°С​ ybarat bolýar.

Meselem pomidor, hyýar, bolgar burçy we badam – bular ýylylygy gowy görýän, sowuklyga bolsa çydamsyz gök önümlerdir. Howa temperatursy​ 0°С​ derejeden aşak düşen ýagdaýynda olar guramak bilen bolýarlar. +15°С​ aşak, +30°С​ ýokaryk temperaturalarda​ ösümlikler ösmegini​ bes edýärler.

Adaty klimaty sowuk ýurtlarda ýetişdirilýän hasylyň özüne düşýän bahasy gymmat bolýar. Ady agzalan ekinler üçin, Türkmenistanyň howa şertleri amatly bolup, önümiň bahasy arzana​ düşýär hem-de daşarky bazarlara çykarmaga mümkinçilik döreýär.

Ýyladyşhana biznesinde​ çykdajylaryň uly bölegini energogöterijiler​ tutýar. Türkmenistanda bolsa, olaryñ nyrhnamalary elýeterlidir.

Ýyladyşhanada ýetişdirilýän gök önümleriň, hasyl berijiligi​ tiz möhletlidir​. Iş doly gurnalan ýagdaýynda, bütin ýylyň dowamynda hasyl ýygnamaga mümkinçlik​ bolýar.

Ýyladyşhanada 1m2​ ýerden ortaça 27 kg hasyl alyp bolýar diýip mysal alsak​, hasap boýunça bir gektaryň kuwwatlygy 270 tonna barabar bolýar.

Meselem, bir ýylda adam ortaça​ 12 kg pomidor sarp edýän bolsa we içerki bazarda ortaça 4 million sarp ediji bar diýip mysal alsak, pomidor dolanyşygy ýylda 48 million tonnadan ybarat bolýar.

Türkmenistana geografiki ýakyn bolan Russiýa ýa-da Gazagystan ýaly döwletler özlerine uly möçberde pomidor import edýärler. Bu bazarlar biz üçin geografiki taýdan has ýakyn hasaplanýar. Eger transport çykdajylaryny azaldyp, haryt görnüşini saklama şertleri kämilleşdirilse,​ Ýewropanyň hem bazarlaryny göz öňünde tutup bolar.