CNPC Türkmenistan gaz kondensatyny satmak üçin tender yglan edýär.

CNPC-niň Türkmenistandaky şahamçasy deslapky kwalifikasiýa saýlawyny geçirmek boýunça “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn territoriýasynda çykraylýan iň az ýyllyk önümçilik göwrümi 150 000 tonna bolan gaz kondensatyny satmak üçin tender yglan edýär.

Bu tendere gyzyklanýan kompaniýalar, aşakdaky maglumatlary we resminamalary bermek bilen tendere gatnaşmak üçin ýüz tutup biler:

Bäsleşige gatnaşmak üçin kompaniýanyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilen hat.

Kompaniýa barada maglumatlar, şol sanda kompaniýanyň ady, hasaba alnan ýurdy, bank rekwezitleri we telefon belgileri.

Kompaniýanyň hasaba alyş resminamasy, resminamalary tabşyrmak we kabul etmek ygtyýarly wekiline kompaniýanyň ynanç haty. Şuňa meňzeş hyzmatlary bermekde tejribeleri.

Ýerli kompaniýalar üçin Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşmesiniň agzalyk nusgasyny bermeli.

Adres: Aşgabat ş. Bitarap Türkmenistan şaýoly 56-njy jaý, 13-nji etaj.

Elektron adres: chary.k@cnpcag.com, ligang02@cnpcag.com

Habarlaşmak üçin telefonlar: +99312 44 54 34; +99312 44 50 44 (faks)

Resminamalary tabşyrmagyň soňky güni 29.10.2020 senesi sagat 18:00 çenli.

Çeşme: metbugat.gov.tm