Geljegiň biznesi - iýmit galyndylaryndan önüm öndürmek

Photo by Resplash

Dünýä ýüzünde, ýylda gök önümiň millionlarça tonna galyndysy galýar. Galyndylary zaýalaman ulanyp bolýar. Şu nukdaý nazardan, dünýäniň käbir laboratoriýalarynyň bilermenlerinde, galyndylardan gurluşyk we awtomobil senagaty üçin täze innowasion önümleri öndürip bolarmy diýen sorag ýüze çykdy. Netijede limonyň ýa-da mindalyň gabyklaryny gaýtadan işläp, ondan oba hojalygy we başgada pudaklar üçin gerek bolan önümleri öndürip başardylar.

Ispaniýanyň “Alicante” uniwersitetiniň labaratoriýasynda brokoli, limon we naryň galyndylaryny hem-de mindal gabyklaryny täzeden işläp, geljekde senagat pudagynda natural garyndy hökmünde ulanyp boljak çig mal çykarmak maksady bilen gaýtadan işläp gördüler.

Surat: limon gabygy ulanyp ýasalan awtoulagyň paneli.

Himikler, azyk galyndylaryny köp dürli peýdaly zatlar üçin ulanyp boljakdygyny belleýärler, eksperimentleriň netijesinde: Mysal üçin, limondan sary reňk beriji, şeýle hem limon ysly hoşboý efir ýagy aldylar. Nardan antibakteriýal garyndyny aldylar, ýene-de ondan güýçli reňk beriji, dürli reaktiwler ulanyp gyzyl reňkden başlap gök reňke çenli aralykda natural reňk berijileri öndürip gördüler. Brokoliden hakyky tebigy ýaşyl reňk berijini almagy başardylar. Mindalyň gabygyny üwäp ony bioplastiklar bilen garyp, tebigy agaç reňkli material ýasap bildiler.

Surat: Nar bilen mindalyň gabyklaryny ulanyp ýasalan awtoulagyň paneli.

Agzalan tebigy garyndylary, mekgejöwen krahmalynyň esasynda ýasalan bioplastik bilen goşup, sapak görnüşli çig mal emele getirdiler. Bu çig maldan bolsa 3D printerler arkaly awtoulagyň şaý seplerini taýýarlap bilýärler.

Bilermenler, ýene birnäçe ýyldan bu usulda ýasalýan çig mallaryň we önümleriň bazarlarda giňden ýaýrap özbaşyna uly sektor boljakdygyna ynanýarlar.

Çeşme barbaraproject.eu