Biznes - ideýa, ösümlik otlardan fitobar

Photo by Yandex collections

Türkmen halkynyň çaýa bolan söýgüsi asyrlardan bäri dowam edip gelýär. Çaý içmeýän adam ýok bolsa gerek. Türkmenistanyň çäginde köp sanly şypa beriji derman ösümlikleri ösýär. Olaryň köpüsi çaýa goşulyp içilýär. Biziň tebigatymyz ýakymlyja, tozga, jerebaý, narpyz, käkilik oty we beýlekilere örän baý.

Adamlaryň özleriniň kofe demläp içmäge mümkinçilikleri bar bolsa hem, ony baryp kofeýnýadan içýän bolsalar, olara derman otly çaýlary hem bu usulda hödürleseňiz bolman durmaz. Şuňa laýyklykda, fitobar gurnamaklyk pikiri üstünlikli biznes ideýalaryň biri bolar, sebäbi hiç kim dermanlyk otlardan demini alan ýakymly ysly çaýyň deňinden datman geçmese gerek.

Biznesi guramak

Ýyl-ýyldan adamlaryň arasynda sagdyn bolan durmuş ýörelgesini alyp barýanlar gün saýyn köpelýär. Fitobarlary sport merkezleriň golaýynda gurnamak maslahat berilýär. Ýaşlara tonus ýokarlandyryjy içgileri hem hödürläp bolar. Gyzyklanma döretmek üçin fitobaryň menýusyna berhizliler üçin niýetlenen süýjülikleri hem goşulyp bilner. Munuň üçin bary ýogy meýdany 50-100 m2 bolan ýer gerek bolýar. Çaýlary we beýleki içgileri taýýarlamagyň tehnologiýasyndan we dermanlyk otlardan baş çykarýan işgär tutmaly bolar. Fitobarda pes kaloriýaly kokteýlleri hem hödürläp bilersiňiz.

Gerekli enjamlar we materiallar

Eger-de fitobarda kofe hem hödürlejek bolsaňyz, onda käbir gurallar gerek bolar. Hökmany suratda bar diregi (stoýka) gerek. Eger-de menýuda miwe şiresi bar bolsa, onda miwe sykyjy hem gerek bolar. Mundan başga-da hödürlenýän içgileriň görnüşlerini görkezmek üçin sowadyjylar we mebel tekjeler gerek bolýar. Fitobaryň menýusyna witamin kokteýlleri goşulan bolsa, mikser we blender hem gerek. Adaty çaýlar taýýarlananda bolsa suw gaýnatmak üçin boýler ýa-da elektrik çäýnekler zerur. Çaý demlemek üçin ulanyljak derman otlaryny bar bolan üpjün edijilerden almaly.

Marketing

Müşderileriň aglabasy dermanlyk ösümliklerden düýpli baş çykarmasa gerek. Şonuň üçin hem hyzmat ediş nokadyňyzyň menýusynda ýa-da diwarlarynda haýsy çaýyň nähili ýagdaýda we kime peýdalydygy baradaky maglumatlar ýerleşdirilse maksada laýyk bolar. Ulanýan aşhana gurallaryňyzda siziň aýratynlygyňyzy mahabatlandyryp durjak at saýlap alyň. Şeýle-de, eltip bermek hyzmatlaryny ýola goýup bolar ýa-da taýýar önümi özbaşdak alyp gitmäge şert dörediň.