Türkmen bazarynda isleg bildirilen hyzmat – autsorsing

Photo by Pixabay

Kärhanalar we telekeçiler öz esasy işini ýöretmek üçin goşmaça ýene-de birnäçe artykmaç iş alyp barmaly bolýarlar. Esasy işi önüm çykarmak ýa-da haryt satmak bolan kärhanalar bellenilen talaplara laýyklykda dowamly buhgalter hasabatyny ýöretmeli, işgärleriň resminamalaryny talaba laýyk resmileşdirmeli, dürli hasabatlary etmeli ýa-da IT ugruny sazlamaly we ýene-de şuňa meňzeş başgada birnäçe işler bilen güýmenmeli.

Bu goşmaça işleriň ählisi hem wagt, zähmet, serişde we hünär talap edýän ugurlar bolup, kähalatlarda başlangyç tapgyrdaky kärhanalara we telekeçilere bu ugurlary üstünlikli alyp barmak kyn bolýar. Bu ýagdaýda önümçilikden daşary goşmaça işleri öz ugry boýunça ýöriteleşen hyzmat berýänlere tabşyrmak iň gowy çözgüt bolar.

Autsorsing bilen meşgullanýanlar bütin dünýäde uly islegden peýdalanýarlar, ol çykdajylary optimizirlemäge ýardam berýär hem-de işleriň ýokary hil bilen ýerine ýetirilmegini üpjün edýär.

Biznesiň birnäçe ugurlaryny autsorsinge berkitmek mümkindir, olaryň tejribede iň köp ýaýran görnüşleri:

IT we programma üpjünçiligine degişli işler;

Buhgalter hasabyny we hasabatlylygyny;

Işgärleriň hasabatyny ýöretmek bilen bagly işler;

Marketing işleri;

Logistika we ş.m.

Kärhanalar köplenç IT ýa-da buhgalterçilik ugruny autsorsing kompaniýalaryna berkidenlerini kem görmeýärler. Sebäbi ýokary hünärli IT bilermenini ýa-da buhgalteri saklamak kiçi göwrümli kärhanalara agyr düşýär. Tejribeli hünärmenleriň özleri hem atly uly göwrümli kompaniýalarda işlemäge has ýykgyn bolýar.

Autsorsing kompaniýasyny guramak üçin ussat hünärmenleri jemlemeli we oýlanyşykly baha syýasatyny alyp barmaly. Hyzmatlarynyň bahasy taraplaryň ikisi üçin hem bähbitli bolmaly we işleriň ýokary hil bilen ýerine ýetirilmegini gazanmaly.

Autsorsing kompaniýasyny açmak üçin düýpli maýa goýumlaryna zerurlyk ýok, talap edilen esasy zat adam kapitaly. Önümçilik ýeterlik derejede oýlanyşykly gurnalan ýagdaýynda bu hyzmata bazarda isleg köp.