Daşary ýurt bazaryna önüm çykarmagyň ilkinji ädimleri

Photo by Pixabay

Türkmenistanda hususy telekeçiligiň ösmegi bilen, telekeçileriň daşary ýurt bazarlaryna ýerli önümlerini hödürlemeklik we olary özleşdirmek, daşary ýurtly telekeçiler bilen işleşmek islegi artýar. Önümleri​ daşary ýurt bazarlaryna hödürlemäge başlamazdan öňürti işleriň sazlaşykly ýöremegi üçin birnäçe çäreleri geçirmek geljekde telekeçilik işini ýitgisiz we şowly alyp barmaga ýardam berer. Aşakda bellenilip geçilen işler ýerine ýetirilse eksporty guramak has ýeňilleşer​ diýip hasap edýäris.

1. Hünärmen üpjünçiligi

Önümleri daşary ýurtlara eksport edip bilmek üçin kärhanada pesinden üç ugur boýunça hünärmeni işe almak maslahat berilýär: marketolog​, logist​ we hukukçy​.

2. Web saýt

Kärhananyň (telekeçiniň) önümleri barada maglumat berýän web saýtyň bolmagy daşary ýurtlular​ üçin siziň işe çynlakaý çemeleşýändigiňiziň​ nyşany.

3. Bazar seljermesi

Belli bir ýurtda önümiňize​ näçeräk isleg bardygy, onuň göwrümi, şol önüm boýunça bazarda monopoliýa barmy ýa-da ýok, önümiň hili we bahasy bäsdeşlige döz geljekmi ýa-da ýok we ş​.m​. soraglara jogap gözlemeli. Köp ýurtlarda haryt dolanyşygy boýunça statistiki maglumatlar döwürleýin esasda çap edilýär.

4. B2B​ internet meýdançalaryna agza bolmak

Internetdäki B2B​ (business to business) platformalary dürli ýurtlaryň telekeçileriniň arasynda söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga ýardam berýär. Bu internet platformalarda telekeçiler import we eksport etmek isleýän önümleri hem-de möçberleri barada maglumatlary ýerleşdirýärler we olar bilen aňsatlyk bilen habarlaşyp bolýar (marketologyň​ wezipeleri).

5. Mysaly eksport şertnamasyny taýýarlamak

Harytlaryň haýsy şertler (inkoterms​, töleg şerti we ş​.m​.) bilen daşary ýurtlara satjakdygyňyzy​ kesgitlemeli we şonuň esasynda şertnamanyň mysaly görnüşini taýýarlamaly (hukukçynyň wezipeleri).

6. Transport bilen bagly soraglary çözmek

Önümiňiz haýsy şertlerde nähili ulag bilen ugradyljakdygy​, haýsy ýük ugradyjy kompaniýany saýlanmalydygy​ we onuň çen bilen çykdajysy, harytlaryň nähili gaplarda we saklanyş şertlerinde ugradylmalydygy​ we ş​.m​. soraglar öňünden anyk kesgitlenilmäge degişlidir (logistiň​ wezipeleri).

Her bir kärhana ýa-da telekeçi ýokarda bellenilenlerden başga-da geçirilmeli çäreleriniň bardygy ýa-da ýokdugy barada özbaşdak seljerme geçirmelidir.