Intellektual teklip - türkmen dilinde audio kitaplaryň biznesi

Photo by tr.pinterest

Dünýäde audio kitaplar barha meşhurlyk gazanýar. Durmuş depgini ýylsaýyn tizleşýär we köp adamlaryň şol sanda okuwçylaryň ýa-da işçileriň kitap okamakda köp sanly okuw materiallarynyň üstünde oturmaga ýeterlik wagty bolmaýar. Käbir adamlar kitaplary okanyndan sesli görnüşde has gowy kabul edýärler. Audio kitaplar diňe şeýle adamlar üçin döredilendir.

Bu nähili işleýär

Audio kitap ýazmak üçin size daşarky seslerden gowy goralýan aýratyn otag we käbir enjamlar gerek bolar;

Ilki bilen - kompýuter, has gowusy noutbuk sebäbi personal kompýuterleriň işleýşi sesli bolýar.

Ikinjisi - ýörite ýazgy programmasy (mysal üçin, "Audacity" ýa-da "Adobe Audition").

Üçünjisi - mikrofon (hökman gymmat we hünärmen däl), üstesine-de, ses päsgelçiligini düzetmek üçin redaktor programmasy we elbetde CD-ler gerek bolar.

Işiň hiliniň ýokary bolmagy üçin, okyjynyň gürleýşinde kemçilik bolmadyk, gowy diksiýaly bolan okaýjy bolmagy möhümdir. Bu işi professional aktýorlar ýa-da diktorlar ajaýyp ýerine ýetirerler. Eger siz çeper eserden başlamakçy bolsaňyz, awtorlyk hukugy bilen baglanyşykly kynçylyklardan gaça durmak üçin köne klassiki eserlerden başlamak maslahat berilýär. Bu eserler bilen bagly türkmen dilinde gaty gyzykly kitaplar köp.

Önümleriňiziň satuw nokatlary barada aýdylanda bolsa; sargydyna ýazgylar belki bilim edaralarynyň sargyt bermegi, ses ýazgylar dükanlarynda ýerlemek, internet dükanlary arkaly ýerlemek. Işiňiz üstünlikli ösen ýagdaýynda, eýýäm hünär derejesinde enjamlaşdyrylan professioanal studiýaňyzy açmak mümkin bolar.