Bazar telekeçiden döwrebap bolmagy talap edýär

Photo by Resplash

Bazar şertlerinde telekeçilere ýalňyşmaga ýa-da öz işi bilen bagly ýagdaýa sowuk-sala garamaklyga wagt berilmeýär. Onuň sebäbi telekeçi üçin wagt “pul” diýmekdir.

Türkmenistanda takmynan 2000-nji ýyllardan başlap mobil aragatnaşyk enjamlaryň içinde iň gowy görlen we köpçüligiň ulanan telefonlary Nokia​ görnüşli el telefonlardy​. Şol döwürler Nokia​ dünýä bazarynda el telefonlary satmak boýunça lider hasaplanýardy. Gysga wagt geçmän el telefonlaryň bazarynda Nokia öz pozisiýasyny​ ýitirdi, ykdysatçylar onuň sebäbini kompaniýanyň täzeçilliklere wagtynda ýetişmedikleri​ üçin diýip hasaplaýarlar. Bazarda el telefon enjamlary sensor ekrana geçip başlanda bu kompaniýa düwmeli telefonlaryň önümçiligini dowam etdirýärdi.

Bazarda, ýitgi çekmezlik we ýalňyşlyklaryň öňüni almak maksady bilen telekeçilige goşmaça itergi berjek, käbir edilmeli işler bolýar. Biziň seljermelerimiz boýunça aşakda aýdylanlar edilen ýagdaýynda işiňiz hökman oňyn netijeler berer diýip çaklaýarys.

Maliýe seljerme geçirýärsiňizmi

Maliýe hasabatlaryň kömegi bilen döwürleýin jikme-jik seljerme geçirmeklik, geçmişi we nirä barýandygyňy​ bilmek diýmekdir. Seljermeleri geçen günleriň, aýlaryň we ýyllaryň netijesi boýunça geçirip bolýar. Dünýäde, iň azyndan geçen 5 ýylyň netijesi boýunça seljerme geçirmeklik tejribesi hem köp ulanylýar. Meselem: belli bir harydyň ýa-da hyzmatyň haýsy bazarda gowy satylýandygyny, aýyň haýsy günlerinde isleg bildirilýändigini, algylaryň ösüş depgini ýa-da peýdanyň geçen bäş ýyl bilen deňeşdirilmegi geljek üçin meýilnama düzmäge gaty peýdaly maglumat bolýar.

Bazary öwrenýärsiňizmi​

Dünýä bazarynda bolsun ýerli bazarlarda bolsun günde diýen ýaly täze haryt we hyzmat hödürlenýär. Siziň edýän işiňiz bilen bagly ugur bazarda niräk barýar, siziň bäsdeşleriňiz​ kim, satýan harydyňyz​ ýa-da hödürleýän hyzmatyňyz bilen bagly näme täzeçillikler bar. Bilermenleriň siziň ugruňyz bilen bagly geljege berýän çaklamalary bilen tanyşýarsyňyzmy​.

Sizde işgärler syýasaty barmy

Tejribesi bolan telekeçileriň hem, şu soraga üns bermän utulýan​ ýerleri köp bolýar. Iş ulaldygyça bir, iki adam bolup işi ýöretmeklik​ kynlaşyp başlaýar, netijede iş bölünişiginiň we işe goşmaça işgär almaklygyň zerurlygy ýüze çykýar. Meselem: işgär işe kabul edilende, siz üçin haýsy kriteriýalar​ üstün durýar onuň bilimli we tejribeli bolmagymy ýa-da tanyş we garyndaş bolmagy.

Internet saýtyňyz barmy

Käbir telekeçiler web saýt açmaklyk zerurlygy ýok diýip hasap edip bilerler. Türkmenistanda internet ulanyjylarynyň gün saýyn artýandygyny göz öňünde tutsak, köpçülik almak isleýän zadyny internediň üsti bilen gözleg eder. Oturan ýeriňden el telefonyň üsti bilen gerek harydyňy​ görmäge, sargyt etmäge ýa-da gyzyklandyrýan​ soragy soramaga mümkinçilik döredilse, kimiň şol harydy yzarlamaga bir ýerlerik gidesi geler?

Web saýt döretmek gymmat bolar diýip hasap edýän bolmagyňyz mümkin, emma saýtlaryň bahalary görnüşine görä üýtgeýär, talaba görä iň ýönekeýinden​ başlap iň çylşyrymly saýtlara çenli bahasy her dürli bolýar. Biziň tejribämize görä ýönekeý saýtyň köp pul çykdajysy bolmaýar.