Ideýa - polietilenden ýagyş ýapynjalarynyň önümçiligi

Photo by wiki2020.ru

Ýagyş ýagan wagty ýanymyz bilen uly saýawany alyp çykanyňdan, üstübaşymyzy​ suwdan gorajak we jübä sygýan ýapynja bolsa kem bolmazdy. Bir döwürler ýagyş ýapynjalary agyr brezentden​ edilýän bolsa, indi ýeňiljek ýanyňda alyp ýörmegi aňsat bolan ýagyş ýapynjalary moda boldy. Dürli görnüşde herhili materiallardan tikilmäge​ başlandy. Ýagyş ýapynjalary esasan hem ygalyň köp bolan ýurtlarynda has hem ýaýbaňlaşandyr​.

Meselem, milli äheňdäki dizaýn bilen bu önümi içeri hem-de daşary ýurtly çagalar we ulular üçin az bolan maýa goýmuň hasabyna önümçiligi ýola goýup bolardy. Türkmenistanyň çäginde önýän bu önümçiligiň çig maly bolan plýonka görnüşli polietilen ýagyş ýapynjalaryny​ ýasamak üçin iň bir amatly materiallaryň biri hasaplanýar. Ýagyş ýapynjalary üçin ulanylýan polimeriň esasy görkezijisi onuň dykyzlygydyr​. Dykyzlygy näçe ýokary bolsa şonça-da önüm berk, ygtybarly we uzaga gidýär.

Ýagyş ýapynjalary bir gezeklik we köp gezeklik ulanylýan görnüşde çykarylýar. Bir gezeklik üçin niýetlenen ýapynjalar dykyzlygy 15 -30 mikrometr​ bolan polietilenden öndürilýär. Olar arzan, ýeňiljek emma gysga wagtlyk ulanmaga ýaraýar. Köp gezeklik ulanylmaga niýetlenen görnüşleri bolsa dykyzlygy 50 mikrometrden​ ýokary bolan polimerlerden​ ýasalýar.

Ýagyş ýapynjalaryny​ ýasamak üçin ulanylýan ýelmeşdiriji enjamlaryň görnüşi gaty kändir. Uly bolmadyk önümçiligi guramak üçin ýarym awtomatlaşdyrylan enjam ýeterlikdir. Onuň düzümine rulon​ saklaýjy, ýagyş ýapynjalarynyň​ böleklerini (ýeňini, ýakasyny, başgabyny we ş​.m​.) ýasamak üçin enjamlar we goşmaça gaplamak üçin enjam zerur.

Soňky döwürler tikinsiz ýagyş ýapynjalary has köp islegden peýdalanýar. Bir gezeklik ýagyş ýapynjalarynyň​ göwrüminiň gitdigiçe kiçelip​ barýandygyny hem bellemelidiris. Meselem Rain​ card​ atly bir gezeklik ulanmaga niýetlenen ýagyş ýapynjalaryň​ göwrümi bir bankyň plastiki kartyndan sähelçe ulurakdyr​.