Alty sany el gysma nazaryýeti we biznes

Photo by Pixabay

"Alty sany el gysma" baradaky çaklamany ilkinji bolup sosial psiholog alym, Stenli​ Milgrem​ öňe sürýär. Geçirilen köp sanly synaglaryň netijesinde ol bir zady subut edýär: ýer şarynyň ýüzünde ýaşaýan her bir adamyň, islendik nätanyş başga bir adam bilen arasy alty adamdan ybarat. Bu diýmek iki nätanyş adamyň arasynda hökman bir- biri bilen tanyş bolup çykjak, ortaça alty sany adam bar we olaryn el gysyşmasy esasynda ol iki nätanyş adamyň bir- birine ýakyndygyny nygtaýar.

Nazaryýete laýyklykda, planetanyň geografiki taýdan giň bolmagyna garamazdan, adamlaryň arasyndaky baglanyşyk gaty tiz ýola goýulýar. Bu teoriýanyň geçen asyryň 60-njy ýyllarynda entek internet torunyň ýok wagty öňe sürülendigini​ göz öňüne getirsek, bu günki gün barada has hem köp zat aýdyp bolar.

Adam hemme zady bilip bilmeýär, emma her-dürli bilimli we tejribeli gatnaşyjylardan emele gelen bir zynjyr islendik çylşyrymly meseläni çalt çözüp bilýär. Käbir iri kompaniýalar döreýän meseleleri çözmek üçin bu teoriýany ulanyp başladylar. Önümçilikde islendik ýüze çykan çylşyrymly soragy oňa degişli ähli şahamçalaryna ýaýraýar we derrew çözülýär.

Häzirki wagtda täze tehnologiýalar döwründe internediň üsti bilen işewür aragatnaşygy ýola goýmak ýa-da haryt we hyzmaty ýerlemek aňsatlaşdy. Her ädimde biziň tanyşlyk gurýan adamlarymyzyň sany geometriki progressiýa bilen artýar. Bu diýmek mümkinçilikler giňeýär diýmekdir. Bu nazaryýet biznes üçin ulanylan ýagdaýynda, döreýän biznes ideýa bilen maýa goýumy bir-biri bilen tiz we aňsat tapyşar ýaly edip bolar.