Kompýuterleriň söwdasyny we hyzmatyny guramak işi

Photo by blogs.reuters

Dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistanda hem maglumat tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen kompýuterler her bir adamyň diýen ýaly gündelik durmuşynda ulanýan esbabyna öwrüldi. Ýurduň sanly ykdysadyýete geçmek barada yglan eden milli maksatnamalaryny göz öňünde tutsak. Kompýuter söwdasynyň we serwisi bilen bagly biznesiniň geljeginiň bardygyny ynam bilen aýdyp bileris.

Bu işde müşderilere kompýuterleriň satuwy we satuwdan soňky hyzmatlary hödürlenýär. Umuman iş ikä bölünýär satuw we hyzmat. Şol sebäpli tehnika hemişelik hyzmat berjek aýratyn bir gullugy açmaklyk zerurlygy ýüze çykýar. Müşderileriň uly bölegini işewürlik sektory bilen bir hatarda, adaty raýatlar düzýär.

Kompýuter bazary iň çalt üýtgeýän we bir ýerde durmaýan hasaplanýar, onuň sebäbi modeller ýylyň dowamynda yzygiderli täzelenýär, içiniň komponentleri kämilleşdirilýär we tiz-tizden täze üýtgeşmeler peýda bolýar - hatda “iň soňky” diýen modeller hem bazara girenden birnäçe aý geçmän eýýäm köne hasaplanýar we olaryň bahalary ýylda 25-30% arzanlaýar.

Bu tiz ýagdaýda bolýan üýtgeşmeleri göz öňünde tutup, söwdanyň we hyzmatyň kämil bolan ulgamyny gurnamaklyk maslahat berilýär hem-de biznes sagat ýaly işlemeli bolýar.

Ösüş tendensiýasy, esasan, bäsleşigiň iň agyr bolan ýeri personal kompýuterleriň bazarynda bolýar. Noutbuklar, üýtgeşik modelli monitorlar, dürli gadžetler - esasan şäher ýerlerinde ýokary satuw dinamikasyny görkezerler.