Efir ýaglarynyň önümçiligini ýola goýmak

Photo by hipolink

Efir ýaglary gymmatly önüm hasaplanýar, müňýyllyklaryň dowamynda lukmançylykda, kosmetologiýada we parfýumeriýada giňden ulanylyp gelinýär. Türkmenistanda efir ýaglaryny öndürmeklik üçin ulanylýan ösümlikleriň köp görnüşi ösýär, olar: roza, arça, sosna, ukrop, fanhel, kalendula, narpyz we başga-da köp sanly görnüşler. Şu nukdaý nazardan ýerli çig mallardan tebigy efir ýaglaryny öndürmekligi göz öňünde tutup bolar.

Biznesi guramak

Gurnamak isleýän sehiňiz kiçi göwrümlidigine garamazdan, ýörite enjamlary satyn almak zerur bolýar, olar: distilýator, ýylylyk çalşyjy, ýagy gidrolitden bölmek üçin uly göwrümdäki gap, önümi almak üçin rektifikasion sütünleri. Maýa goýumyň özüni ödemesiniň möhleti 1-1.5 ýylyň içinde bolar.

Her bir efir ýagyny öndürmegiň öz usullary we inçe tilsimleri bar, şonuň üçin olaryň hersiniň tehnologiýasyny jikme-jik öwrenmek üçin wagt sarp etmeli ýa-da efir ýaglarynda ýöriteleşen tehnologyň hyzmatlaryndan peýdalanmaly bolarsyňyz.

Önümçilik usullary

Efir ýaglaryny öndürmek işi biraz çylşyrymly hasaplanýan, görkezmeleri takyk wagtynda ýerine ýetirilmegini hem-de ýokary hilli çig mallary ulanmagy talap edýän önümçilik. Efir ýaglaryny almagyň birnäçe usuly bar, olaryň iň ýönekeý we iň arzany presleme usuly. Bu usul diňe sitruslardan ýag almak üçin ulanylýar, emma bu ýaglar uzak saklanmaýar.

Ýene-de, giň ýaýran we arzan hasaplanýan suw arkaly almak usuly. Çig mallar: ýapraklar, tutuş güller ýa-da tohumlar suw gabyna atylýar, soňra bolsa gaýnaýança gyzdyrylýar. Aşa gyzdyrmazlyk möhümdir, ýogsam taýýar önüm pes hilli bolar. Ösümlikleriň ýag bölejikleri bug bilen turbadan başga bir gaba düşýär soňra sowadylýar. Ýag suwuň ýüzüne çykýär we suwuklykdan bölünip aýrylýar. Galan hoşboý ysly suw kosmetologiýada we parfýumeriýada ulanylyp bilinýär.

Emma bu usul ýagly ösümlikleriniň hemme görnüşleri üçin amatly hasaplanmaýar, olaryň käbiri ýokary temperaturanyň täsirine çydap bilmeýär. Olar ýaly halatda ýagy çykarmak ýa-da siňdirmek usuly ulanylýar – bu usul iň gymmat, ýöne effektiw hasaplanýar. Bu usulda el işiniň köp bolmagy, önümiň özüne düşýän bahasyny gymmatladýar.

Önümçiligiň esasy tapgyrlary

Inçe aýna tabaklara sygyr ýa-da kokos ýagy düşelýär. Üstüne ösümlikler goýulýar. Bir salym wagt geçenden soň ösümlikleriň ysly bölek ýaglary düşelen ýaga siňýär. Soňra ýag tabaklardan syryp aýrylýar we spirt bilen garylýar, spirt bolsa bugarýar. Netijede gymmat we ýokary hilli arassa efir ýagy emele gelýär, we birnäçe ýyllap saklanyp bilinýär.

Taýýar önüm dykyz bolan gapakly 10 gramdan köp bolmadyk gara aýna çüýşelere gaplanýar. Taýýar ýaglaryň käbir görnüşleri bir ýyl töweregi, käbiri - birnäçe hepde çenli “bişýär”. Käbir görnüşleri diňe holodilnikde, köpüsi bolsa garaňky we salkyn ýerde saklanyp bilinýär.

Çig malyň köp görnüşi ulanmazdan ozal guratmagy, käbirleri diňe ter görnüşde ulanmaklygy talap edýär. Mundan başga-da, deň agramda bolan dürli çig maldan dürli agramda taýýar önüm çykýar. Mysal üçin, bir kilogram roza ýagyny almak üçin 1 tonna gül ýapragy gerek bolýar, emma 100 kg lawandadan bolsa 3 kg töweregi ýag alyp bolýar.

Ýerlemek

Önümçilige başlamazdan ozal öz brendiňizi oýlap tapmaly. Brendiňiz geljekde önümiňiziň satuwyny tizleşdirer. Taýýar önümleri internet arkaly, parfýumer dükanlary, şeýle hem öz ýöriteleşdirilen söwda nokadyňyz arkaly satyp bolýar.