MHHS - kompaniýanyñ halkara derejä çykmagy üçin gerek

Photo by inc
2010-njy ýyldan başlap Türkmenistanda maliýe hasabatlarynyň halkara standartlaryna (MHHS) tapgyrlaýyn geçilip başlandy we häzirki wagtda doly tamamlandy diýseň hem bolýar. Dünýä tejribesinde maýadar çekmek üçin edaranyñ maliýe hasabatlarynyň halkara standartyna deň gelmegi ilkinji şertleriň biridir. Mysal, daşary ýurtly inwestor islendik bir kompaniýa maýa goýmak isleýän bolsa, MHHS boýunça taýýarlanan hasabatlaryň üsti bilen kompaniýanyň maliýe ýagdaýyna arkaýyn düşünip bilýär. Edil şonuň ýaly-da, Türkmenistanda ýerleşýän islendik kompaniýa bilen, Germaniýada ýerleşen bir kompaniýanyň MHHS laýyklykda düzülen hasabatlarynyň arasynda düýpli tapawut bolmaýar.

Maliýe hasabatlarynyň halkara standartlaryny düzmek olaryň görnüşlerini işläp taýýarlamak Maliýe Hasabatynyň Halkara Standartlarynyñ Geňeşi tarapyndan ýerine ýetirilýär. Ýüzläp agza ýurtlardan ybarat bolan bu edara 1971-nji ýylda komitet diýip esaslandyrylýar we 2001-nji ýyldan MHHS Geňeşi diýip üýtgedilýär.

Geňeşiň öňünde duran wezipe, dünýädäki ähli kompaniýalaryň buhgalterçilik amallaryny kämilleşdirmek ol amallara hemmeleriň düşünmegi we ondan peýdalanmagy üçin hasabatlaryň bir standart görnüşini emele getirmek bolup durýar. Başgaça muňa buhgalterleriň, maliýeçileriň, ykdysatçylaryň, inwestorlaryň özara düşünişýän halkara dili diýip atlandyrýarlar.

Mysal üçin, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň MHHS boýunça hasabatyny, ýagny onuň maliýe ýagdaýy bilen bankyň internet saýtynda tanşyp bilersiňiz (https://www.tfeb.gov.tm/index.php/about-bank-tm/maliye-hasabatlar).

MHHS tarapyndan talap edilýän esasy şertler bardyr, olar:

Geňeş tarapyndan esasy dil iňlis dili diýlip ykrar edileni üçin ähli düzgünler we talaplar bu dilde çykarylýar. Şuňa laýyklykda islendik kompaniýanyň hasabaty hökman iňlis dilinde bolmaly, başgada islendik dillere terjime edilip bilner;

Aktiwlere we borçnamalara adalatly bazar bahany bermekligi talap edilýär;

Buhgalter maglumatlaryň jikme-jik açylmagy talap edilýär, MHHS boýunça hasabat düzmeklik beýleki hasabatlardan zähmet talap edijiligi bilen tapawutlanýar;

Maliýe hasabatynyň halkara standartlary ýörelgelerden we maslahatlardan hem-de usuly gollanmalardan ybarat bolandygy üçin, aýry-aýry ýurtlaryň çykarýan kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy resminamalaryna çapraz gelmezligini üpjün etmäge synanyşýar;

Kompaniýanyň maliýe hasabatlarynyň MHHS talaplaryna laýyk gelýändigini garaşsyz audit tarapyndan tassyklanmasy;

Kompaniýada geçirilen buhgalter amallar babatynda garaşsyz auditoryň pikiri.