Kartoşka ösdürip ýetişdirmek

Adamyň maliýe ýagdaýyna garamazdan kartoşka ýagny, ýeralma bazarda mydama uly islegden peýdalanýar we ony ýerlemegiň möwsümi bolmaýar. Türkmenistandaky daýhanlaryň içinde hem kartoşkany senagat görnüşinde ösdürip ýetişdirmek üçin synanyşýarlar az däl. Seredeniňde ýönekeý ýaly bolup görünsede, bu önümi ekip ondan gowy hasyl almak gaty bir aňsat iş däl. Emma toprak, ekmek, dökün bermek we suwarmak ýaly soraglarda talap edilýän​ birnäçe zatlary ýerine ýetirseňiz, gowy hasyl almaklyk mümkin.

Kartoşka toýun ýa-da şykga we döküni gowy bolan topraklarda has gowy ösýär. Bu ösümligi her ýyl gezekleşdirip kelem, hyýar, noýba ýa-da badamdan soň ekýärler, ýöne günebakardan soň ekmek maslahat berilmeýär. Dökün hökmünde mal we guş dersleri, superfosfatlar​, azot ulanylýar.

Tohumlyk kartoşkanyň özüni ekmek usuly

Bu usul kartoşka ösdürip ýetişdirmegiň iň ýaýran görnüşidir. Ekmek üçin kökler sagdyn 40 -90 gram agramda bolýar. Güýzde, ekmezden ozal, ýaşyl öwüsmegi we nahallaryň azyndan 2 sm bolmasy üçin ýagtylykda saklanmalydyr. Zyýan berijilere we kömeleklere garşy ýörite goşulmalar bilen bejermeli.

Kartoşka tekiz ýerde, ownuk belentliklerde ýa-da garymlarda ekilýär (soňky usul çyglylygy saklamaýan çägeli topraklar üçin has amatly). Türkmenistanyň gurak howasyny göz öňünde tutmaly, kökleriň çüýremezligi üçin yzygiderli suwarmak zerur, ýöne aşa köp däl. Dökün bermek (iň gowusy guşlaryň dersi bilen) möwsümde iki gezek amala aşyrylýar.

Tohumdan (däne görnüşinden) ýetişdirmek usuly

Tohumdan ýetişdirilen kartoşka kesellere has çydamly we oňat hasyllygy bilen tapawutlanýar​, ýöne bu usul has köp zähmet talap edýär: tohumlary çyglamaly​, ýyladyşhanada ýetişdirmeli we soňra seresaplylyk bilen açyk ýere göçürmeli, ekiş döwri mart-aprel aýlarynyň ahyry hasaplanýar.

Haltalarda ýetişdirmek usuly

Bu usul kiçi meýdany bolanlar üçin amatlydyr. Ýer bilen garylan, biogumusyň​, döküniň we kompostyň​ garyndysy uly plastik halta guýulýar, halta deşim​-deşim​ edilýär we deşijeklerden​ tohumlyk​ kortoşka​ ekilýär. Torbalar ýyly we gowy şemalladylýan​ ýerde asylýar. Hasyl alnanda haltanyň içi çöwrülýär.

Kartoşkanyň​ görnüşleriniň köp bolşy ýaly, ony ösdürip ýetişdirmegiň hem usullary dürli bolýar, olar ähli howa şertleri üçin niýetlenendir. Her bir daýhan özünde bar bolan şertlerden ugur alyp özüne amatly we peýdaly boljak usuly saýlaýar. Hasyly gowy kartoşkanyň bolsa hemişe bazary bolýar.