Hyzmat sektory - durmuş we gaýry tehnikalary bejermek

Photo: iStock

Häzirki döwürde adamlaryň öýlerinde ýa-da ofislerinde​ köp mukdarda dürli tehniki enjamlar bolýar, olar wagtyň geçmegi bilen yzygiderli döwülýär we bejergä bolan mätäçlik döreýär. Şol sebäpli bazarda durmuş enjamlary bejermek ýaly hyzmatlardan peýdalanmaga isleg bildirýänleriň sany ýokary we ýene-de köpelýär.

Bazarda tehniki enjamlary bejermekden alynýan girdejileriň ösüşi durnukly bolar, sebäbi bu hyzmat elmydama islegde we hiç bir faktorlara bagly däl diýseň hem bolýar, esasy faktorlaryň biri hem adamlaryň durmuş tehnikalaryny ulanmagy bes etmeleri.

Başlangyç maýa goýumynyň az möçberde bolany üçin maýa ýitirmek ýaly töwekgelçilikler ýok hasaplanýar. Munuň tersine, maýa goýumy çalt ödeýär we peýda berip başlaýar.

Bazara girmek mahabat kampaniýasy arkaly amala aşyrylyp bilner. Bir ussahanadan başlap, Türkmenistanyň içinde ussahanalar toruny döretmek mümkinçiligi hem bar. Seljermeler, ussahananyň işe başlandan, ortaça 5 -6 aýdan soň ýitgisizlik nokadyna ýetip boljakdygyny görkezýär. Öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak bolsa bazarda agdyklyk etmäge mümkinçilik berýär.

Hyzmatlaryň tehnologiýa bilen baglanyşyklydygy sebäpli, peýdanyň belli bir böleginiň işgärleri taýýarlamak üçin ulanylmaly, sebäbi bu ugur bilim we tejribe talap edýär.

Iş guramak

Hyzmatlary hödürlemek üçin: 50 m2​ otag, gurallar toplumy we ussa enjamlary, mebel we beýleki inwentarlar zerur. Müşderiler üçin şeýle hyzmatlar özüne çekiji bolup biler - abatlamakdan soňky kepillik, eltip berme hyzmatlary, müşderiniň islegi boýunça ýerine baryp bejermek. Nokat köp adamly ýerde ýerleşse iň gowusy.

Iş tapgyry umuman - döwülen enjamlary almakdan, sebäbini kesgitlemekden, zerur bölekleri çalyşmakdan ýa-da bejermekden, eltip bermekden ybaratdyr. Hyzmatlara bolan talaplar KHBS​ ýa-da internetdäki reklamalardan geler. Hyzmatyň hilini galdyrmak maksady bilen hyzmatlaryň assortimentini döretmeli, mysal üçin, 24 /7 iş wagtyny gurnamak.

Hyzmatyň bahasynyň içine esasy girýän işler - bu ussany çagyrmak we enjamy daşamak, diagnostika​, bejergi işi, çalşylan​ detallaryň bahasy. Umuman hyzmat üçin bellenilýän baha takmynan enjamyň bahasynyň 10 % -ini düzýär. Işiň bökdeniçsiz gitmegi üçin ussahanalar ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etjek firmalar bilen şertnama baglanyşýarlar.