B D E G H K P

B

BELLENENDEN PES/НИЖЕ НОМИНАЛA/ BELOW PAR - Gymmatbaha kagyzyň bazar bahasynyň onuň ýüzünde bellenilen bahasyndan pes bolmagy.

BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYN URUŞDAN SOŇKY DIKELDIŞ WE KÖMEK MESELELERI BOÝUNÇA BAŞ DOLANDYRMASY (АДМИНИСТРАЦИЯ ООН ПО ВОПРОСАМ ПОМОЩИ И ПОСЛЕВОЕННОГО ВОССТАНОВЛЕНИЯ ЮНРРА / UNITED NATIONS RELIEF AND REHABILITATION ADMINISTRATION UNRRA. - BMG-de II jahan urşundan soňra uly ýitgiler çeken Günbatar ýewropa döwletlerine azyk, egin-eşik üpjünçiliginde, çig-mal we enjamlaşdyryş meselelerinde ykdysady kömek bermek maksady bilen döredilen gurama.

DOLANYŞYGA GIRMEÝÄN GOÝUM/НЕОБРАЩАЮЩИЙСЯ ДЕПОЗИТ/ NONNEGOTIBALE DEPOSIT - Serişdeleriň belli bir böleginiň banka ýerleşdirilendiginiň şahadatnamasy bolup durýan, dolanşykda bolan, ýagny, erkin söwdasy edilýän, bir elden beýleki ele geçirilýän dolanyşyga goýum şahadatnamalaryndan tapawutlanýar. Dolanyşyga girmeýän goýum şahadatnamalaryna bankda: açylan, hususy goýum şertnamasy bilen resmileşdirilen atly möhletli hasap.

E

ESAS EDILIP ALYNÝAN DEREJE/БАЗОВАЯ СТАВКА/ BASE RATE - Banklar tarapyndan karzlar boýunça göterim derejelerini kesgitlemekde esas edilip alynýan göterim derejesi. Ugur almak üçin merkezi bankyň hasaba alyş göterim derejesi. LIBOR göterim derejesi ulanylyp bilner.

G

GÜNLÜK BAHA ÇYZGYLARY/ДНЕВНЫЕ ЦЕНОВЫЕ ГРАФИКИ/ DAILY PRICE CHARTS - Bir günüň dowamynda ýüze çykan baha üýtgemelerini görkezýän çyzgy. Günlük baha çyzgylary köplenç, kiçi möçberli baha osüş depginlerini ýa-da gysga möhletli baha özgerişlerini kesgitlemek üçin ulanylýar.

H

HASAPÇYLYK IŞLERI/ БУХГАЛТЕРИЯ/ ACCOUNTING - Şereketiň maliýe-ykdysady operasiýalaryny bellige almak, olaryň netijesini kesgitlemek we düşündirmek bilen bagly işler. Maliýe hasabaty işleri, harajat hasabaty işleri, dolandyryş hasabaty işleri diýen görnüşlere bölünýär.

K

KAZYÝET BIRINJILIGI/ СУДЕБНЫЙ ПРИОРИТЕТ/ JUDICIAL PRIORITY - Birnäçe döwletiň kanunlara ters gelýän jenaýaty eden jenaýatkäri kazyýete çekmek birinjilik hukugy. Bu döwletleriň haýsy hem bolsa birisi käbir ýagdaýlarda ilki bilen kazyýete çekmek hukugyna eýe bolýar.

P

PEÝDA GEÇIRMESI/ ПЕРЕВОД ПРИБЫЛИ/ PROFIT TRANSFER - Daşary döwletlerde maýa goýan şereketleriň şol döwletdäki kärhanalarynyň gazanan peýdalaryny öz ýurdundaky baş şerekete ugratmasy.

PAÝ BOÝUNÇA BERME ULGAMY/ СИСТЕМА НОРМИРОВАНИЯ/ SYSTEM OF RATIONING - Önümçilik ýa-da sarp ediş üçin jemlenen harytlaryň mejbur bolnan döwürlerinde adamlara ýa-da kärhanalara paý boýunça berilmegi. Mysal üçin, gytçylyk döwürlerinde unuň paý boýunça berilmesi.