BETA GÖRKEZIJISI/КОЭФФИЦИЕНТ БЕТА/ BETA COEFFICIENT.

Haýsydyr bir paýnamanyň bahasynyň bazaryň ýagdaýyna bazar operasiýalarynyň görkezijisiniň üýtgeýişine görä üýtgeýiş derejesini ölçeýän görkeziji. Paýnamanyň beta görkezijisi onuň töwekgelçiligini we girdeji getirijiligini hem görkezýär. Beta görkezijisiniň aşakdaky aýratynlyklary bar : 1) Beta görkezijisniň onuň san (+) bolmagy, paýnamanyň bahasynyň bazar görkezijilerine ugurdaş hereket edýändigini görkezýär. Munda bazar görkezijisi ýokarlansa, paýnamanyň bahasy-da gymmatlaýar, görkeziji peselse, paýnamanyň bahasy arzanlaýar. Beta görkezijisi O-dan kiçi bolsa, paýnamanyň bahasynyň bazar görkezijilerine ters ugra üýtgeýänligini aňladýar. 2) Beta görkezijisiniň 1-e deň bolmagy paýnamanyň bahasynyň bazar görkezijileri bilen gurdaş üýtgeýändigini, girdeji harajatlaryň paýnamada we bazar görkezijilerinde deňdigini alamatlandyrýar. 3) Beta görkezijisiniň 1-den uly bolmagy paýnamalaryň bahasynyň we bazar görkezijilerimň ugurdaş üýtgeýänligini, emma girdeji harajatlaryň paýnamada bazar görkezijileriniňkä görä ýokarylygyny alamatlandyrýar. 4) Beta görkezijisiniň 01 arasynda paýnamalaryň bahasynyň we bazar görkezijileriniň ugurdaş üýtgeýänligini, emma girdeji-harajatlaryň paýnamalarda bazar görkezijileriniňkä görä pesligini alamatlandyrýar.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.