BILELIKDÄKI EÝEÇILIK/СОВМЕСТНАЯ СОБСТВЕННОСТЬ/JOINT PROPERTY

Belli bir işi amala aşyrmak üçin iki ýa-da birnäçe taraplaryň gatnaşmagy esasynda döredilen, edara görnüşli tarap hukugyna eýe bolan we ýurduň hereket edýän kanunçylygynyň çäginde iş alyp barýan bileleşikler. Bu şereketleri döretmäge gatnaşyjylar ilki başda telekeçi bolsalar, şereketiň maýasyna goşandyny goşanlaryndan soňra eýeçilige gatnaşyjy (eýe) hukugyna eýe bolýarlar. Eýeçilige gatnaşyjylar şereketiň maýasyndaky paýlaryna göra uly eýeçilige gatnaşyjylar (eýeler) we kiçi eýeçilige gatnaşyjylar (eýeler) diýen görnüşlere bölünýärler. Şereketiň maýasynyň 50 göterimden-de köp bölegine eýe bolan uly eýeçilige gatnaşyjy kärhanany doly dolandyrman hukugyna-da eýedir. Häzirki döwürde şereketleriň köpüsiniň giň halk köpçüligine açyklygy sebäpli, kiçi eýeler kändir. Gymmatbaha kagyzlar biržasynda paýnama satyn alan paýnama eýeleri şol bir wagtyň özünde eýeçilik edýän paýnamasynyň degişli bolan şereketiniň eýeçiligine gatnaşyjydyr. Bilelikdäki eýeçilik, adatça, edara görnüşli bolmak hukugyna eýe bolsalar-da, maddy tarap görnüşinde-de bolup bilerler.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.