BILELIKDÄKI KÄRHANA/СОВМЕСТНОЕ ПРЕДПРИЯТИЯ/ JOINT VENTURES

Taraplaryň özara bilelikde iş alyp barmak maksady bilen döreden kärhanalary birnäçe şahsy tarap ýa-da edara görnüşli tarap özara ylalaşyk esasynda bir kärhanany esaslandyrýarlar we şol kärhananyň üsti bilen haýsydyr bir taslamany bilelikde amala aşyrýarlar. Ýurduň içinde hereket edýän bilelikdäki kärhanalar bilen bir hatarda ýurdara bilelikdäki kärhanalar hem bolup bilýärler. Mysal üçin, Bogaz köprüsi Türk-Ýapon bilelikdäki kärhana tarapyndan gurlandyr. Türkmenistanda hindi maýadarlary bilen bile işleýän "Adžanta-Farma" kärhanasy. Ustaw gaznasynda türkmenistanly maýadarlaryň paýy 51 göterimden az bolamly däldir. Bilelikdäki kärhanalar maýa goýum taslamalarynda tejribeleýin hyzmatdaşlyk etmek we beýleki maksatlar bilen döredilýärler.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.