BIMETALLIZM/БИМЕТАЛЛИЗМ/BIMETALLISM

Dolanyşykdaky pullaryň altyn we kümüş bilen üpjün edilmegi ýola goýlan pul ulgamy. Bu ýagdaýda altynyň we kümşüň arasynda kesgitli gatnaşyk goýulýar. Iki gymmatly metal hem bir wagtda dolanyşykda hereket edýär. 1870-nji ýyllaryň başlarynda ýerine monometallizm girizildi. Mundan öň ol, esasan, Fransiýada ulanylýardy.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.