BINALAR/СООРУЖЕНИЯ/CONSTRUCTIONS

Hasabat işlerinde maýa goýum birleşikleriniň maddy gymmatlyklarynyň düzümindäki jaýlaryň, zawod-fabrikleriň hem-de beýleki önümçilik we önümçilik däl desgalaryň bellige alynýan hasaby. Uzak möhlet bilen kärendesine alnan ýerlerde gurlan binalar, şereketleriň işi bilen baglanyşykly bolmadyk binalar bu hasaba degişli däldir. Uzak möhlet bilen kärendesine alnan ýerlerde gurlan binalar hususy serişdeler hasabynda ýöredilýär. Şereketiň işi bilen bagly bolmadyk desgalar bolsa, gaýry maddy gymmmatlyklar hasabynda ýöredilýär. Binalar hasabynda ýöredilýän gymmatlyklar wagtyň geçmegi bilen könelişýändikleri sebäpli, olara amortizasiýa aýyrmalary hasaplanylýar. Hasabat döwrüniň ahyrynda amortizasiýa tutumlary hasaplanyp, toplanan amortizasiýa hasabyndan we girdejiler hasabyndan çykdajy edilýär.Binalaryň ulanyş möhletleriniň uzakdygy sebäpli, hereket edýän kanunlaryň çäginde mümkin bolan iň pes döwre amortizasiýa tutumlary hasaplanylýar (2025-nji ýyl, ýyllyk 45 % möçberinde). Binalaryň möçberindäki artyş we kemeliş esasynda amortizasiýa hasaplamalary we täze desgalar göz öňünde tutulyp, hasabat ýylynyň soňunda olara gaýtadan binalandyryş işleri geçirilýär.

 

Ykdsadyýet we dolandyryş bilimleri terminlogiýa sözlügi. Aşgabat: Ylym, 2010.