Baýlaryň sanawyna girmek ýa-da Ilon Mask nädip iň baý adam boldy

Halkara derejä çykmak we maýa goýum çekmek isleýän kompaniýalar köplenç öz aksiýalarynyň belli bir bölegini gazna biržalarynda satuwa çykarýarlar. Şeýlelik bilen, kompaniýanyň aksiýasynyň bahasy islendik bir beýleki harydyň bahasy ýaly islege we talaba baglylykda üýtgäp durýar. Bu hem öz gezeginde kompaniýanyň bazar kapitalizasiýasyna täsir edýär.
Bazardaky kapitalizasiýa – bazarda dolanşykda bolan obýektiň şu günki gündäki hasaplanan jemi bahasy. Şunlukda, haýsy kompaniýanyň paýnamasynyň bahasy artsa, şol paýnamalaryň eýeleriniň hem emläginiň bahasy artýar, eger-de şol paýnamalaryň bazar bahasy peselse welin, olaryň emläkleriniň bahasy hem peselýär. Halkara gazna biržalarynda paýnamalaryň bahalarynyň (islege we talaba baglylykda) sekuntlaýyn diýen ýaly üýtgäp durmagy netijesinde, şol paýnamalaryň eýeleriniň hem baýlyklarynyň üýtgäp durmagy tebigy bir netijedir.
Mysal üçin, 2021-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Forbesiň maglumatlaryna laýyklykda baýlygy 185 mlrd. dollara ýeten Ilon Maskyň (SpaceX kompaniýasynyň esaslandyryjysy) dünýäniň iň baý adamyna öwrüldi, ýagny, ýylyň dowamynda iň baý adamlaryň sanawynda 35-nji ýerden birinji oruna ýetdi. Munuň hem sebäbi Ilon Maskyň elinde saklaýan paýnamalarynyň bahasynyň geçen bir ýylyň dowamynda 743 % gymmatlamagy bolup durýar. Eger-de belli bir wagtdan soň onuň paýnamalarynyň bahasy peselse ol iň baý adamlaryň sanawynda ýene-de yzky orunlara düşer.
Şeýlelik bilen häzirki zamanda biznesmenleriň baýlygyna baha berlende diňe bankdaky hasabynyň galyndysyna seredilmän, eýsem-de bolsa onuň eýeçiligindäki aktiwleriň (gozgalmaýan emläk, paýnama we ş.m.) bazar bahasyndan ugur alynýandygy üçin, gysga wagtyň içinde olaryň baýlygy azalyp ýa-da köpelip bilýär.
Paýnamalaryň bahasy bolsa hökmany suratda fundamental esaslara daýanyp durmaýar, ol köplenç gazna biržalaryna gatnaşyjylaryň garaýyşlaryna baglylykda üýtgäp durýar.