Autist oglanyň $1 trillion emeli heläkçilik döredip $50 million gazanyşy

Bloomberg/suratda Navinder Sarao (çepde), 2016-njy ýylda Londonda geçirilen kazyýet diňlenişiginden soň.
Nawinder Sarao - gazna biržasynyň taryhynda at goýan londonly treýder (birža söwdegäri). Onuň Asperger keseli (autizmiň bir görnüşi), oňa matematika öwrenmäge, tehnologiýa ylmyna düşünmäge we biržada treýder bolmaga päsgel bermändir. Hatda öýünden çykman kompýuteriň başynda oturyp millionlap dollar gazanmagy başarypdyr.
Ol 2010-njy ýylda ABŞ-nyň gazna biržalarynda “Flash Crash” diýlip atlandyrylýan gysga möhletli maliýe heläkçilige sebäp bolmak bilen tanaldy. 2010-njy ýylyň 6-njy maýynda bolup geçen wakalary, treýderler "Gara penşenbe" diýip atlandyrldylar. Şol gün senagat indeksi bolan Dow Jones (iri senagat kompaniýalarynyň aksiýalarynyň jemi bahasyny görkezýär) bäş minudyň içinde aşak gaýtdy we $1 trillion zyýan çekildi. Emma onuň sebäpkäri 5 ýyl soň diňe 2015-nji ýylda Angliýadan tapyldy, ol britan treýderi Navinder Sarao bolup çykdy. Onuň bilen bagly kazyýet prosesi 5 ýyla çekdi, netijede ony 380 ýyl möhlet bilen türmä ibermekçi boldular, ýöne soňky 4 ýylda biržalarda kezzapçylyk bilen meşgullanýanlary tutmakda kömek edeni üçin, 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndan oňa bir ýyl möhlet bilen öý tussagy berildi.
Sarao pula parhsyzlyk bilen garaýar, millionlarça dollarynyň bardygyna seretmezden, iň arzan geýimleri geýýär, gymmat içgileriň ýerine süýt içip, arzan bolan ýerlerde naharlanýar we 5 müň funt sterling bahasy bolan awtoulag münýär. Ol tussag edilmezinden ozal maliýe kezzapçylygyň gurbany bolýar we ähli puluny diýen ýaly gidirýär, onuň sebäbi hem onuň keseli hasaplanýar. Asperger keseli (autizm) - adamy jemgyýetçilik gatnaşyklaryny gurmakda we daş töwerek bilen aragatnaşyk saklamakda we dostlaşmakda kynçylyk döredýän psihologiki bir keseldir. Ol 2016-njy ýylda günäsini boýun alyp, bikanun gazanylan serişde hökmünde $6,9 million - iň soňky galan pullaryny yzyna gaýtarýar.
Sarao üçin häzirki wagtda gazna biržalaryna gatnaşmak gadagan edildi. Indi onuň hiç zady galmady, ol ene-atasy bilen döwletiň berýän kömek pulunyň hasabyna ýaşaýar.
Sarao muny nädip etdi?
Sarao aksiýa satyn almak üçin uly pul möçberde köp sanly sargytlary berýän hem-de şol wagt beren sargydyny yzyna çekýän ýörite kompýuter üçin awtomatlaşdyrylan söwda algoritmini düzýär. Bu söwda usulyna iňlisçede "spoofing" (sargydy imitirlemek, hakyky ýaly etmek) diýilýär. Netijede, hakyky ýaly edilip berlen satyn alma sargytlary aksiýalaryň bahalaryna täsir etdi hem-de bahalary emeli gymmatlamagyna ýa-da arzanlamagyna sebäp boldy. Isleg we teklip emeli ýagdaýda üýtgedildi we dörän aratapawudyň hasabyna peýda gazanyldy. Bu wakadan soň, 2010-njy ýylyň iýun aýyndan biržalarda "spoofing" kanun tarapyndan gadagan edildi.