«Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna üpjün ediji saýlap almak boýunça bäsleşigiň möhleti uzaldylýar.


Balkan welaýat häkimligi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 35 000 kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desga, Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 50 000 müň kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desga we Awaza etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije gündiziň dowamynda 70 000 kub metr bolan lagym suwlaryny biologik arassalaýjy desga gerek bolan himiki reagentler üçin üpjün edijini saýlap almak boýunça yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar.

LOT № 1. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gün diziň dowamynda 35 000 kub metr bolan hem-de Türkmenbaşy etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 50 000 müň kubmetr bolan deňiz suwuny süýjediji desgalar we Awaza etrabynda ýerleşýän, kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 70 000 kub metr bolan lagym suwlaryny biologik arassalaýjy desga üçin himiki reagentleri satyn almak.

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşde ýüz tutup, gerek bolan harytlaryň sanawy we möçberleri barada maglumaty şu salgyda ýerleşýän Balkan welaýat häkimliginden alyp bilersiňiz: Balkan welaýaty, Balkanabat şäheri, Gurbansoltan eje şaýoly, 14-nji ýaşaýyş jaý toplumy, 14-nji jaý.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap ýazuw görnüşdäki ýüztutma tabşyrylanda berilýär.

Bäsleşigiň teklipleri 2021-nji ýylyň 30-njy ýanwaryna çenli her gün sagat 9-dan 18:00-a çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar tel. (800222) 77700, 20033, tel/ faks (800222) 60089, 20029.

Çeşme: metbugat.gov.tm