Milli marka bilen gurt önümçiligini ýola goýmak


Photo by Stalic

Gadymy döwürlerde söwda kerwenleri özleri bilen gurt alyp gidipdirler, onuň sebäbi hem gurt uzak wagtlap zaýalanman tagamyny saklapdyr. Şeýle hem ony naharlara, işdäaçarlara we başgada iýmitlere goşýarlar, gadymda esasanam ýagly çorba goşup iýipdirler. Gurt - süzmeden guradylyp ýasalýan turşumtyk süýt önümidir. Görnüşi boýunça togalak kiçijik topjagazlar görnüşinde bolýar. Indi bu önümi has hem kämilleşdirmäge mümkinçilik bar, tagamyna, gaplamasyna we dizaýnyna üns bersek, Türkmenistanda uly möçberde önümçiligi ýola goýup bolar.

Önümçiligi guramak
Başlangyç önümçilik enjamlary üçin 50-100 inedördül metr bolan meýdan ýeterlik bolar. Goşmaça çig maly we taýýar önümi saklamak üçin ähli şertleri bolan aýratyn otagyň bolmagy möhümdir. Jaýyň pollary we diwarlary kafel ýa-da aňsat ýuwulýan materiallar bilen gurnalmalydyr. Işgär sany önümçiligiň göwrümine görä bolar. Süýt önümleriniň önümçiligi boýunça hünärmen bolmasaňyz, onda iýmit tehnologyny işe almak esasy şertleriň biri. Önümçiligiň düşewüntlik möhleti ortaça 1 ýyldan 2 ýyla çenli.

Gurtuň öý şertlerinde ýasalyşy
Gurt öndürmek üçin çig maly diňe sygyr süýdünden däl, eýsem beýleki öý haýwanlaryňky hem bolup biler. Emma iň amatly we peýdalysy - sygyr süýdi: Ilki süýdi uýatmak üçin basyrylýar, soň emele gelen gatygy mata halta guýulýar we süzme bolmasy üçin 1 gün goýulýar. Netijede emele gelen süzmä duz goşulýar. Soňra kiçijik topjagazlar şekline tagtanyň ýüzüne serilýär, üsti mata bilen örtülip guradylýar. Gurt 3-7 günüň dowamynda howa şertine baglylykda serlip saklanýar. Islege görä, önüme ýörite mazaly ys we tagamlar goşup bilersiňiz.

Taýýarlanyş tehnologiýasy aşakdaky amallardan ybarat:
1. Süýdi separirlemek 3. Süýtden dykyz massa emele gelýänçä ýörite gapda saklamak. 4 Suwuny süzüp aýyrmak. 5 Süzme şekline getirmek 6.Gurta dürli görnüş we şekil bermek 7. Önümi guratmak we gaplamak.


Önümçilik üçin enjamlar
Iň azyndan bolmaly enjamlar: alýumin flýagalar, süýt arassalaýjy (sterilizator), süýt seperatory, süzgüç, şekil bermek üçin galyplar, durup ýetişmesi we saklanmasy üçin tekjeler, guradyjylar (peç we ş.m), gaplaýjy enjam (wakuumlaýjy bolsa gowy hasaplanýar)

Önümi ýerlemek
"Gurt biznesini" gurmazdan ozal, süýt we gatyk önümleriniň bazarynda bäsdeşligiň ýokarydygyny göz öňünde tutmaly. Gurt dürli reňklerde we dürli tagamlarda öndürilip bilner, bu bolsa iýmit tehnologynyň ussatlygyna baglydyr. Önümçiligiň esasy töwekgelçiliginiň bir - pes hilli çig malyň ulanylmagy, sebäbi ol gönümel önüme täsir edýär. Çig mal bilen üpjün edijileri hökman saýlap seçmeli.

Gurtuň gaplanan görnüşi

Bu işde mahabatyň uly orny bar - gabyna aýratyn üns berip oňa ýatdan çykmajak logotip döretmeli. Hökmany suratda internetde we başga-da mediýada mahabat çärelerini geçirmeli. Başdaky döwürlerde uly söwda nokatlarynda önümiňizi müşderilere mugt dadyrmaklyk - uly kömek bolup biler. Önümiň daşky görnüşi uly ähmiýete eýe bolýar, ýatdan çykmajak we başgalaryňka meňzemeýän her dürli at bilen aýratyn bolan gaplama dizaýny döretmeli.